2025-nji ýylyň 4-nji dekabrynda BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy milli hyzmatdaşlar bilen bilelikde 2025-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine seretmek boýunça duşuşyk geçirdi. “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilen çärä ministrlikleriň we pudak edaralaryň wekilleri gatnaşdy.
Duşuşygyň dowamynda 2025-nji ýyl boýunça hyzmatdaşlygyň netijelerine seredildi. Milli hyzmatdaşlar, şol sanda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, şeýle-de Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti esasy ugurlar boýunça gazanylan netijeler barada hasabat berdiler.
Mundan başga-da geljek bäş ýyllyk döwür üçin strategiki meýilnamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. UNFPA gazanylan netijeleri çuňlaşdyrmaga gönükdirilen 2026-2030-njy ýyllar üçin täze döwlet maksatnamasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy. Duşuşyga gatnaşyjylar ileri tutulýan strategiki ugurlar, şol sanda reproduktiw saglygy, gender deňligi, ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek, şeýle hem demografik durnuklylyk boýunça taslamalary durmuşa geçirmek boýunça gürrüňdeşlik geçirdiler. Gürrüňdeşlikleriň esasy maksady bilelikdäki işiň täze tapgyryna geçişiň netijeli we ylalaşykly bolmagyny üpjün etmek boldy.
Bu duşuşyk Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetini ýene bir gezek nygtady.
«THE ASHGABAT TIMES».