Dark
Light
12.01.2026
asgabat saher THE ASHGABAT TIMES

Watany söýmek – mertebe mekdebi

12.12.2025

Ömrüň manysy edilen işler bilen ölçense, şol beýik işleriň maksady Watana bolan söýgüden gözbaş alýar. Kämil nesilleri ýetişdirmek, ylym-bilim almak, hünär öwrenmek ýaly birnäçe peýdaly amallar biziň Watana, il-güne söýgimiziň durmuşdaky aýdyň ýüze çykmasydyr. Şu jähetden, hemmetaraplaýyn kämil nesilleri kemala getirmekde, olary watançylyk ruhunda terbiýelemekde Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk kitaplary egsilmez hazynadyr.

Adamyň bagtyýar ýaşamagy üçin asuda Watan gerek. Çünki bagtyýarlyk ýurt parahatçylygyndan, saglykdan, il agzybirliginden başlanýar. Watana bolan söýgi hem bagtyýarlygyň altyn açary bolup, rowaçly menzillere, arzyly arzuwlara ýetmekde täze ýollary açýar.

Çünki watançylyk terbiýesi halkymyzyň zandyna ornandyr. Diýarymyzyň parahatçylygy, raýatlaryň asuda ýaşaýşy ugrunda durmuşa geçirilýän ägirt uly işler Milli Liderimiziň hem-de döwlet Baştutanymyzyň  Watan söýgüsiniň doly suratda şöhlelenmesidir. Bu ugurda alnyp barylýan işleri sanasaň, sogaby kän. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilmegi, dünýä döwletleri bilen parahatçylyk söýüjilige, dost-doganlyga, özara bähbitli hyzmatdaşlyga gönükdirilen gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagy aýdanlarymyzyň üstüni ýetirýär.

Adamy adam edýän onuň adamkärçiligi, asylly häsiýetleri bilen birlikde, watançylyk terbiýesidir. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ylmy-filosofik kitabynda şeýle diýýär: «Kämil şahsyýet bolup ýetişmekde, adamzada mahsus bolan duýgynyň ilkinjisi ata Watana, ene topraga bolan söýgüdir. Watansöýüjiligiň ýüze çykmasy halal zähmetiň bilen Watanyň şan-şöhratyna mynasyp goşant goşmakdadyr». Şonuň üçin hem Milli Liderimiz watançylyk terbiýesine aýratyn üns berip, ony on iki terbiýäniň iň başynda goýýar.

Dünýäde ähli zat ösýär, özgerýär, öz durkuny üýtgedip, başga bir närselere öwrülýär. Tebigatyň bu kanunyna ters gelýän ýekeje gymmatlyk bar. Watan söýgüsi hiç hili üýtgemän, her bir gelýän nesilleriň ýüreginde hemişelik orun alýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň diňe bir halkymyza däl, tutuş dünýä halklaryna peşgeş beren çuň manyly kitaplary şol beýik söýginiň binýadyny berkidip, ýollarymyza paýhas nuruny saçýar, gözýetimimizde täze menzilleri açýar.

Dagbaşy HUDAÝBERENOW,
Türkmenistanyň Serhet institutynyň 3-nji ýyl harby talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

1jpg 8upku5y THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen halysy — gözelligiň we beýik sungatyň nusgasy

bitarap bina taze THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Parahatçylyk döredijilikli tagallalaryň binýady

Soňkylar Makalalar

Bedew batly ösüşleriň mekany

10.01.2026
Ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Ýyllaryň atlary bolsa döwletli Diýarymyzyň taryhy tutumlary, halkymyzyň belent maksatlary, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän içeri

Oba hojalygy: ösüş-özgerişler ýoly bilen

08.01.2026
Bagtyýar halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny şanly taryhy wakalara, uly zähmet üstünliklerine besläp, täze, 2026-njy — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
GitTop