Dark
Light
26.12.2025
seydi maslahat THE ASHGABAT TIMES

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025

Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna baglydyr. Şoňa görä-de, 4-nji dekabrda  Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň guramagynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda V Açyk halkara fizika internet olimpiadasynyň geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir.

Ylma teşne talyplar mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, döwlet we halkara derejesinde geçirilýän olimpiadalarda, bäsleşiklerde öz zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny, bilim derejelerini görkezip, ýokary netijeleri gazanýarlar. Şunuň bilen baglylykda, olimpiada Türkmenistadan, Russiýa Federasiýasyndan, ABŞ-dan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Italiýa Respublikasyndan, Rumyniýadan, Türkiýe Respublikasyndan, Belarus Respublikasyndan, Özbegistan Respublikasyndan, Pakistan Yslam Respublikasyndan, Hindistan Respublikasyndan, Täjigistan Respublikasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Azerbeýjan Respublikasyndan jemi 14 döwletden 50-den gowrak uniwersitetlerden 400-den gowrak talyp ýaşlar gatnaşdy.

Şu gezekki olimpiada hem ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmekde we özara bähbitli ylmy maglumatlary alyş-çalyş etmekde uly ähmiýete eýe bolup, ol ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň bilelikde ylmy pikir alyşmaklaryny guramaklyga, häzirki döwürde amalyýetde ýüze çykýan fiziki meseleleri, tejribeleri derňemeklige giň mümkinçilik döretdi. Hakykatdan-da, häzirki zaman ylmyny kämilleşdirmek, sanly bilimi ösdürmek ugrunda edilýän tagallalar bagtyýar geljegimiz üçin ädilýän iň uly ädimdir. Bu babatda beýik işleri durmuşa ornaşdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Nartäç MYRADOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň pedagogika fakultetiniň uly mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

kushan manuscript 5 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Alymlar ilkinji gezek Kuşan şalygynyň ýazgylaryny okadylar

dil owren THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Dil – halklary birleşdirýän köpri

Soňkylar Makalalar

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ýaşlar – döwletimiziň kuwwatly güýji

25.12.2025
Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur
GitTop