Dark
Light
02.02.2026
yaslar 25 new THE ASHGABAT TIMES

Ýaşlar – döwletiň we dünýäniň geljegi

20.12.2025

Ýaş nesilleriň sagdyn ösmegi, kämil bilim-terbiýe almagy, hünärine ezber bolmagy, ylym, döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmagy üçin zerur şertleri döretmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Häzirki wagtda ýaşlary ata Watanymyzyň bähbidiniň hatyrasyna jemgyýetçilik işlerine çekmek we höweslendirmek, olaryň döredijilik işlerine we başlangyçlaryna, ylmy açyşlaryna döwlet goldawyny bermek babatda degerli işler ýola goýulýar.

Kalby ýagşy umyt-arzuwlardan püre-pür türkmen ýaşlary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldaw-hemaýatlary netijesinde halkara ders bäsleşiklerine, sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşyp, Watanymyzyň abraý-mertebesini beýgeldýärler, ýaşyl Tugumyzy belentde parladýarlar. Ýakynda halkara derejede üstünlik gazanan ýaşlara hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda gowşurylan sylaglar ýaşlarymyzyň belent sepgitlere ýetmek ugrunda kalbynda besleýän ynamyny has-da artdyrdy. Bu bolsa şol bir wagtda olaryň ata Watanymyza, mähriban halkymyza, hormatly Prezidentimize bolan çuňňur söýgüsini hem goşalandyrdy. Türkmen ýaşlarynyň şeýle üns-alada bilen gurşalmagy olara halallyga, ýagşylyga ymtylmaga, maksada okgunly bolmaga, päk zähmete yhlasly ýapyşmaga hem ruhlandyrýar.

2025-nji ýylyň dowamynda abraýly halkara ders bäsleşiklerinde hem-de sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlary döwlet derejesinde sylaglamaga hödürlemegiň sanawy düzülende, olaryň gatnaşan bäsleşikleriniň we sport ýaryşlarynyň hereket edýän reýtinglerdäki derejesinden we ähmiýetinden, şonuň ýaly-da gatnaşan ýurtlarynyň sanyndan ugur alynmagy ýaşlaryň geljekki maksadyny işjeňleşdirmekde, dünýä derejesinde ýokary netijeleri gazanmaga bolan höwesini artdyrmakda ähmiýetli boldy.

Buýsanç bilen bellesek, şanly ýylymyzda amala aşyrylan beýik işleriň özboluşly many-mazmuny, biri-biriniň üstüni ýetirýän berk arabaglanyşygy bar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk senesiniň giň gerimli dabaralar bilen bellenilmegi, şanly waka mynasybetli paýtagtymyzda halkara wekilçilikli forumyň üstünlikli geçirilmegi, hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň neşir edilmegi, onuň yz ýany bilen bolsa ylym-bilimde, sportda halkara görkezijilere eýe bolan ýaşlaryň ençemesiniň Şa serpaýy bilen sylaglanmagy taryhy ýylyň hümmetini we ähmiýetini artdyran bitewi bir kökeni emele getirdi.

Merjen DURDYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

alabay yunesko THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen alabaýy – adamzadyň gymmatly mirasy

ulag transport THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ulag hyzmatdaşlygy – ösüşiň hereketlendiriji güýji

Soňkylar Makalalar

Sosial ulgamlarda trend: pingwin nirä barýar?

01.02.2026
Sosial ulgamlarda Antarktidanyň buzluklarynyň arasynda ýeke özi barýan pingwiniň şekillendirilen pursatlary giňden ýaýrady. Bu wideo meşhur nemes režissýory Werner Hersogyň surata düşüren «Dünýäniň gyrasyndaky

Çagalar baglarynda nesil terbiýesi

31.01.2026
Nesil terbiýesi asyrlarboýy halkymyzyň durmuş ýörelgesiniň aýrylmaz bir bölegi bolupdyr. Şoňa görä-de, häzirki wagtda bu ugra aýratyn üns berilýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem

Ýylyň şygary – nesilleriň köňül çyragy

30.01.2026
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyz bedew bady bilen uly üstünliklere beslenýär. Bu üstünlikleri ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik ulgamynda görmek bizi guwandyrýar.

Bilimli ýaşlar – Watanyň abraýy

29.01.2026
Bilim jemgyýetiň ruhy güýjüni kesgitleýän esasy sütünleriň biridir. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň ösüş strategiýasynda bilim ulgamyna aýratyn orun berilýär.
GitTop