Dark
Light
02.02.2026
271223 44 THE ASHGABAT TIMES

ÝAŞLAR – KÄMILLIK ÝOLUNDA

20.12.2025

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda dürli ugurlarda uly-uly üstünlikler, ösüşler gazanylýar. Şol gazanylýan üstünliklere, ösüşlere ýurdumyzyň, “Watanymyzyň daýanjy” bolan ýaş nesillerimiz, ýaşlarymyz hem öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olaryň dünýä derejesinde, halkara olimpiadalarda gazanýan ýeňişleri, baýraklary mähriban Watanymyzyň ýer ýüzündäki abraýyny has-da belende galdyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow özüniň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabynda ýurdumyzyň ösüp gelýän ýaş nesillerine, ýaş oglan-gyzlaryna ýüzlenip: “Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys” diýip belläp geçýär. Döwlet Baştutanymyzyň göwün ganatlandyryjy sözlerinden ruhlanýan türkmen ýaşlary, mekdep okuwçylary ylym-bilim we sport ulgamlarynda ýokary netijeleri görkezýärler. Olaryň görkezýän bu netijeleri Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan şa serpaýlary bilen sylaglanýar. Muňa mysal hökmünde ýaňy-ýakynda halkara olimpiadalarynda, sport ýaryşlarynda hormat hatlaryna, kuboklara, medallara mynasyp bolan mekdep okuwçylarynyň, talyp ýaşlaryň, türgenleriň we olary şol ýaryşlara taýýarlan halypa mugallymlaryň, tälimçileriň ýokary derejede pul sylaglary, awtoulaglary bilen sylaglanmagyny görkezmek bolar.

Gursagy hyjuwly, kalby höwesli türkmen ýaşlarynyň döwrebap bilim almaga bolan islegleri bu günki günde doly hasyl bolýar. Kuwwatly döwletimiz ýaşlaryň ukyp-başarnygynyň doly açylmagy üçin ähli zerur şertleri döredýär. Durmuşa geçirilýän beýik işlerde türkmen ýaşlary özüniň gazanýan buýsançly üstünlikleri bilen halkymyzy guwandyrýar. Häzirki wagtda durmuş çalt depginlerde ösýär, özgerýär we öňde täze wezipeleri goýýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin çuňňur bilimli,  giň gözýetimli, dünýä ykdysadyýetiniň,  jemgyýetçilik – durmuş ugurlarynyň ýeten derejesinden habarly ökde hünärmenleri taýýarlamak zerur bolup durýar. Türkmenistan döwletimizde şeýle hünärmenleri taýýarlamaga doly mümkinçilikler bar. Bu mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyzyň çägi ýok. Goý, olaryň tutýan tutumly işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Babaýew Baýrammuhammet

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

yapon as 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

1766255394685 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

ELEKTRON HOWPSUZLYK DÖWRÜŇ MÖHÜM TALABYDYR

Soňkylar Makalalar

Sosial ulgamlarda trend: pingwin nirä barýar?

01.02.2026
Sosial ulgamlarda Antarktidanyň buzluklarynyň arasynda ýeke özi barýan pingwiniň şekillendirilen pursatlary giňden ýaýrady. Bu wideo meşhur nemes režissýory Werner Hersogyň surata düşüren «Dünýäniň gyrasyndaky

Çagalar baglarynda nesil terbiýesi

31.01.2026
Nesil terbiýesi asyrlarboýy halkymyzyň durmuş ýörelgesiniň aýrylmaz bir bölegi bolupdyr. Şoňa görä-de, häzirki wagtda bu ugra aýratyn üns berilýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem

Ýylyň şygary – nesilleriň köňül çyragy

30.01.2026
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyz bedew bady bilen uly üstünliklere beslenýär. Bu üstünlikleri ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik ulgamynda görmek bizi guwandyrýar.

Bilimli ýaşlar – Watanyň abraýy

29.01.2026
Bilim jemgyýetiň ruhy güýjüni kesgitleýän esasy sütünleriň biridir. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň ösüş strategiýasynda bilim ulgamyna aýratyn orun berilýär.
GitTop