2025-nji ýylyň dekabr aýynda Ýewropa Parlamenti tarapyndan Ýewropa baýdagynyň 70 ýyllygy mynasybetli dabaraly bellige alyş çäreleri geçirildi.
Ýewropa Geňeşi tarapyndan saýlanyp alnan bu baýdak taslamasy şol döwürde hödürlenen 100-den gowrak teklipleriň arasynda saýlanyp, häzirki wagtda Ýewropa ýurtlarynyň aglabasynyň arasynda birlik, bitewilik we dolulyk nyşany hökmünde giňden tanalýar.
Ýeri gelende bellesek, Ýewropa baýdagy ilkinji gezek 1955-nji ýylyň 8-9-njy dekabrynda Ýewropa Geňeşi tarapyndan resmi taýdan kabul edilipdi. Baýdagyň dizaýny — gök fonuň üstünde tegelek görnüşde ýerleşdirilen 12 altyn ýyldyz — Ýewropanyň halklarynyň arasynda agzybirligi, sazlaşygy we ruhy bitewüligi alamatlandyrýar. Bu nyşan aýratyn ýurtlara däl-de, umumy gymmatlyklara we birleşdiriji ýörelgelere esaslanýar.
Ýewropa Parlamenti bu senäni bellemek bilen, Ýewropa baýdagynyň taryhy ähmiýetini, onuň halklaryň arasynda döredýän ruhy baglanyşygyny we Ýewropa hyzmatdaşlygynyň ösüşindäki ornuny ýatlatdy. Baýdagyň 70 ýyllygy mynasybetli geçirilen çäreler Ýewropa halklarynyň arasynda medeni we syýasy bitewüligiň, şeýle hem umumy gymmatlyklaryň dabaralandyrmasy hökmünde giň seslenme döretdi.
«THE ASHGABAT TIMES».