Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlary bilen birlikde, oba hojalyk pudagynda hem birnäçe ösüşler gazanylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda agrar pudagyň işi has-da döwrebaplaşdyrylýar. Ýerden bol hasyl almak, dürli ekinlerden öndürilýän önümleriň görnüşlerini artdyrmak maksady bilen maksatnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.Ykdysadyýetiň agrar bölegi ýa-da oba hojalygy islendik döwletiň ykdysady durnuklylygynyň binýady bolup hyzmat edýär.
Soňky ýyllarda dünýa tejribesinde bolşy ýaly, biziň sebitimizde hem bu pudakda döwlet eýeçiliginden hususy telekeçilik ulgamyna geçmek işjeňleşýär. Agrar pudakda telekeçilik işi diňe oba hojalyk önümlerini öndürmek bilen çäklenmän, eýsem, olary gaýtadan işlemek, saklamak, daşamak we ýerlemek ýaly giň gerimli işleri öz içine alýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2022 ― 2052-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, oba hojalyk pudagyny has-da döwrebaplaşdyrmaga, pudaga sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn uly üns berilýär.
Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda bolşy ýaly, oba hojalyk pudagynda hem telekeçilik işi giň gerime eýe bolýar. Şonuň netijesinde oba hojalyk önümlerinden taýýar önümleri öndürmäge niýetlenen zawod-fabrikler, ýyladyşhana toplumlary, dürli ekinleri ösdürip ýetişdirýän daýhan hojalyklary döredildi. Döwletimiz tarapyndan döredilen ýeňillikleriň netijesinde ýurdumyzda azyk bolçulygy doly üpjün edildi. Häzirki wagtda Bitarap Türkmenistan gallany eksport edýän döwletleriň hatarynda mynasyp orun alýar. Oba hojalyk ekinlerinden dürli taýýar önümleri öndürmäge niýetlenen zawod-fabrikleriň, dürli kärhanalaryň döredilmegi bilen bazar bolçulygy üpjün edilip, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleriň birnäçe esse azalmagyna getirdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda oba hojalygynda gaýtadan işleýän senagaty döretmek maksady bilen ykdysadyýetimiziň agrar böleginde telekeçilik işini ýola goýmaga giň mümkinçilikler döredildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän senagat kärhanalary döredildi. Şolaryň hatarynda Daşoguz welaýatynda hem şeýle hususy kärhanalaryň birnäçesi hereket edýär. Muňa mysal edip «Şawat» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini, «Altyn tug» hususy kärhanasyny, «Sadaja» hususy kärhanasyny aýdyp bolar. Bu iri kärhanalar öz çäginde süýt önümlerini, çörek önümlerini we et önümlerini öndürmäge ýöriteleşdirilendir. Şeýle hem «Altyn tug» kärhanasynyň ýyladyşhana toplumynda dürli hilli bakja önümleriniň, guşçulyk toplumynda bolsa et önümleriniň önümçiligi ýola goýuldy.
Ýeri gelende bellesek, agrar pudakda ýöriteleşdirilen kärhanalar ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga laýyklyda, uzakmöhletleýin karz serişdeleriniň hasabyna önümçilik kärhanalarynyň işini ýokary derejede alyp barýarlar. Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak maksady bilen, oba hojalygynda hususy önüm öndürijilere ýerden bol hasyl almaga, maldarçylygy we guşçulygy ösdürmäge we önümçilik kärhanalary üçin zerur döwrebap tehnikalary satyn almaga ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan 10 we 15 ýyllyk ýeňillikli karz serişdeleriniň berilýändigini aýratyn bellemek gerek. Şonuň netijesinde bolsa häzirki wagtda şeýle karz serişdeleriniň hasabyna birnäçe hususy kärhanalaryň işi ýola goýuldy.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem şeýle giň möçberli maksatnamalaýyn işler üstünlikli dowam etdirilýär. Geçen ýylyň makroykdysady görkezijisine salgylansak, milli ykdysadyýetimizde öndürilýän jemi içerki önümiň 72 göterime golaý möçberi hususy pudak tarapyndan öndürilendigi bellenilýär. Bu bolsa täze taryhy eýýamda hususy pudagyň hasabyna öndürilýän önümleriň has-da artýandygyna şaýatlyk edýär. Oba hojalyk ugrunda bilim alýan ýaşlar hökmünde biziň hem bu işlere mynasyp goşant goşmagyňyz üçin ýurdumyzda ähli şertler döredilendir. Oba hojalyk toplumynyň döwrebap derejede ösdürilmegi, pudakda telekeçilik işini ýola goýmaga ähli şertleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Orazberdi ŞALLYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň direktory.