Dark
Light
05.02.2026
icc 4150 THE ASHGABAT TIMES

Ýyllar gelýär bir-birinden zyýada

23.12.2025

Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy ýyla berýär. Täze ýyl baýramçylygynyň şatlygy ajaýyp durmuş sazlaşygy bilen halkymyzyň ruhuny galkyndyrýar, kalplarda täze maksat, arzuw-niýetleri joşdurýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ähli künjeginde Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk dabaralary, aýdym-sazly konsertler geçirilýär.

Bu ýyl halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin asylly işler dowam etdirildi. Maksatlar myrat tapyp, iri taslamalar üstünlikli amala aşyryldy. Şanly ýylymyzyň jemleýji günlerinde hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýylda geçirilen halkara ders bäsleşikleriniň hem-de sport ýaryşlarynyň ýeňijilerini sylaglamagy bolsa iň täze taryhymyza möhüm sahypa bolup ýazyldy.

Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda möhüm ähmiýeti bolan köp sanly desgalar we binalar gurlup ulanmaga berildi. Hut ýakynda bolsa hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň wekilçilik forumy uly dabaralara beslenip, ata Watanymyzyň halkara abraýyny ýene bir mertebe belende göterdi.

Elbetde, baýramçylyk günlerinde hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň çapdan çykmagy bolsa ähli halkymyz, aýratyn hem, biz ― ýaş nesiller üçin buýsançly waka, şanly senelere mynasyp sowgat boldy. Döwlet Baştutanymyzyň täze kitaby hemişelik Bitaraplygymyzyň gadyr-gymmatyny giňden açyp görkezýär.

Goý, Täze, 2026-njy ýyl hem iň ýakymly duýgularyň, belent ösüşleriň ýyly bolsun!

Arzygül TAGANOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bmg diploma THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ählumumy abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlyk

yaslar telekeci THE ASHGABAT TIMES
Next Story

«Ýaşlar telekeçiligi» adalgasynyň taryhy mazmuny

Soňkylar Makalalar

Okuw sapaklarynda dostluk terbiýesi

04.02.2026
Bilim ojaklary diňe bir ylym berilýän ýer bolman, eýsem, ýaş nesliň ahlak sypatlarynyň, şol sanda dostluk we doganlyk duýgularynyň kemala gelýän mukaddes mekanydyr. Sapak

Iňlis dilinde sözleýşi ösdürmegiň ýollary

03.02.2026
«Iňlis dilini nädip öwrenip bolarka? Hiç başyna baryp bilemok» ýa-da «Iňlis dilini öwrenmegiň ýeňiljek usuly ýokmuka? Haýsy kitaby okasam, nähili tertipde taýýarlyk görsem, iňlis

Aladamyz körpe nesil

02.02.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Sosial ulgamlarda trend: pingwin nirä barýar?

01.02.2026
Sosial ulgamlarda Antarktidanyň buzluklarynyň arasynda ýeke özi barýan pingwiniň şekillendirilen pursatlary giňden ýaýrady. Bu wideo meşhur nemes režissýory Werner Hersogyň surata düşüren «Dünýäniň gyrasyndaky
GitTop