Dark
Light
24.01.2026
ykdysatcy THE ASHGABAT TIMES

«Ýylyň ykdysatçysy» belli boldy

02.12.2025

Aşgabatdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan yglan edilen, ýylyň dowamynda ýurdumyzyň degişli ulgamynda, ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde, şeýle hem ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda geçirilen «Ýylyň ykdysatçysy» atly bäsleşigiň jemi jemlenildi.

Eminler toparynyň degişli ýygnagynda «Maliýe we ykdysadyýet» ylmy-amaly žurnalynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda neşir edilen sanlarynda türkmen, iňlis we rus dillerinde çapdan çykan ylmy makalalara seljerme berildi hem-de bäsleşigiň ýeňijileri kesgitlenildi. Düzgünnama laýyklykda, bäsleşige gatnaşyjylar oňa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimizi ýokary depginler bilen ösdürmek, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle-de «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» bilen bagly «Maliýe we ykdysadyýet» ylmy-amaly žurnalynyň şu ýylyň dowamyndaky sanlarynda çapdan çykan ylmy-ykdysady häsiýetli makalalaryny hödürlediler.

Bäsleşikde Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary Selimberdi Hojaberdiýew «Makroykdysadyýet görkezijileriniň ulgamy ösüş strategiýasyny kesgitlemegiň binýadydyr» atly ylmy makalasy bilen 1-nji orna, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy Amangül Baýrammyradowa «Täjirçilik banklarynyň ykdysady howpsuzlygyny üpjün etmegiň nazary esaslary» atly ylmy makalasy bilen 2-nji orna, Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy Näzik Sadykowa «Bazar ýagdaýlarynyň seljermesi ykdysady ösüşi gazanmagyň işjeň serişdesidir» atly ylmy makalasy bilen 3-nji orna mynasyp boldy. Ýeňijilere gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

mal toplum THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Täze maldarçylyk toplumy işe girizildi

futbol dek THE ASHGABAT TIMES
Next Story

«Arkadag» futbol topary «Andijon» topary bilen duşuşdy

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop