zenan for THE ASHGABAT TIMES

Zenanlaryň bähbidine hyzmatdaşlyk

10.12.2025

Ýurdumyz «Dialog — parahatçylygyň kepili» ýörelgesine eýermek bilen, gender syýasaty babatda anyk maksatlara gönükdirilen wezipeleri durmuşa geçirmäge jogapkärli çemeleşýär. Türkmenistanyň bu ugurdaky hereketleri halkara derejede, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda goldaw tapýar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahatyň geçirilmegi munuň nobatdaky aýdyň beýanydyr.

Türkmenistanyň sebitiň taryhynda ilkinji bolup Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyny döretmek başlangyjy bilen çykyş edendigini nygtamak gerek. Bu dialog sebitde durnukly ösüşi üpjün etmek, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek işinde zenanlaryň eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Bu düzüm türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň gatnaşmagynda döredildi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň döredijilik mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirmek üçin netijeli ýollary işläp taýýarlamak, bu mümkinçilikleri ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, ösüşi pugtalandyrmagyň bähbidine ulanmakda hyzmatdaşlyk etmek zenanlar dialogynyň ileri tutýan ugurlarydyr.

Forum bilen ugurdaşlykda guralan giň möçberli sergide zenanlaryň jemgyýetiň ähli ulgamlaryna işjeň gatnaşýandygy bilen baglanyşykly görkezijiler öz beýanyny tapýar. Munuň özi Diýarymyzda zenanlaryň durmuş derejesiniň yzygiderli gowulandyrylmagy ugrunda döwlet derejesinde edilýän aladanyň aýdyň güwäsine öwrüler. Hazaryň kenarynda degişli halkara maslahatyň geçirilmegi we oňa gatnaşmaga isleg bildirýän döwletleriň hem-de abraýly halkara düzümleriň wekilçilik derejesi ýurdumyzda zenanlaryň zähmetine goýulýan hormatyň dünýä giňişliginde ykrar edilýändiginiň anyk delilidir.

Jemläp aýdanyňda, «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahat Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlygy ösdürmekde, zenanlaryň hukuklaryny giňeltmekde we bu ugurda halkara guramalar bilen çagalaryň inklýuziw ösüşi babatda gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Laçyn SARYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
bmg halkara THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Dostluk we ynanyşmak ýörelgelerine eýerip

bitara parahat THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Hemişelik Bitaraplyk – hoşniýetliligiň binýady

Soňkylar Makalalar

Hemişelik Bitaraplyk – hoşniýetliligiň binýady

10.12.2025
Täze taryhy döwrümizde ýurdumyz sebitde hem-de dünýäde, döwletleriň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylyk medeniýetini ilerletmäge aýratyn ähmiýet berip, bu babatda möhüm başlangyçlary öňe sürýär.

Dostluk we ynanyşmak ýörelgelerine eýerip

10.12.2025
Ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky parahatçylykly, dostlukly we netijeli gatnaşyklarda bitaraplyk ýörelgesiniň ähmiýeti iňňän uludyr. 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi,

TÜRKMENISTANYŇ ADAM HUKUKLARY JARNAMASYNA GOŞULMAGY

10.12.2025
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň halkara hukuk giňişligindäki ornuny berkidendigi onuň adam hukuklaryny goramak ulgamynda dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýan möhüm çözgütler

Parahatçylyk we ynanyşmak – döwrüň hakykaty

10.12.2025
Parahatçylyk ― ähli döwürleriň iň gymmatlygy baýlygy. Häzirki zaman diplomatiýasynda parahatçylygy gorap saklamak baş wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenendir. Parahatçylykly gatnaşyklaryň özende bolsa özara ynama

Zenanlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek ugrunda

10.12.2025
Zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny berkitmek, şeýle hem halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, gender deňligini üpjün etmek Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri
GitTop