Azerbaýjan halkynyň taryhyna Ganly Ýanwar pajygasy hökmünde giren 1990-njy ýylyň 20 Ýanwarynda bolup geçen hadysalaryň üstünden 36 ýyl geçdi. 36 ýyl mundan ozal, ýanwar aýynyň 19-dan 20-ne geçilýän gije, Azerbaýjan halkynyň milli azatlyk hereketini ýatyrmak maksady bilen öňki SSR-iň ýolbaşçylary tarapyndan asuda ilata garşy edilen ganly pajyganyň ýyly ýurdumyzda her ýyl 20 Ýanwar – Milli Matam Güni hökmünde bellenilýär.
Häzirki zaman taryhymyzyň çuňňur gynançly bolmagy bilen birlikde, uly buýsançly taryhy bolan 20 Ýanwar – Milli Matam Gününde, ýurdumyzyň garaşsyzlygy, özygtyýarlylygy we territorial bitewüligi ugrunda janlaryny gurban eden ähli Azerbaýjan Şehitlerini çuňňur minnetdarlyk bilen ýatlaýarys.
Azerbaýjanda milli azat ediş hereketini güýç bilen basyp ýatyrmak üçin 1990-njy ýylyň ýanwar aýynyň 19-20-si gijesinde öňki Sowet Goşunynyň bölümleri Baku we ýurduň beýleki şäherlerinde asuda ilata garşy pajygaly ýagdaýa getirdi. Netijede 150 raýat öldürildi, 744 adam agyr ýaralandy we 4 adam ýitdi.
Döwrüň çylşyrymlylygyna, öňki Sowet häkimiýetleriniň 20 Ýanwar hakykatlarynyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin görýän çärelerine garamazdan, döredilen rehimsiz gyrgynçylygyň pajygaly wakanyň ertesi güni halkara jemgyýetçiliginiň dykgatyna ýetirilmegi Azerbaýjan halkynyň Milli Lideri Geýdar Aliýewiň ady bilen baglydyr. Wakadan soň derrew 1990-njy ýylyň ýanwar aýynyň 21-ne Beýik Lider Geýdar Aliýew Azerbaýjanyň Moskwadaky Hemişelik Wekilhanasynda Azerbaýjan halkyna garşy edilen bu ganly pajygaly wakany ýazgarýan beýanat bilen çykyş etdi we maglumat blokadasyny döwüp, dünýä jemgyýetçiligine bolup geçen wakalar barada hakykaty ýetirmegi başardy.
20 Ýanwar pajygasy döwlet garaşsyzlygynyň dikeldilmeginde öwrülişik pursatynyň bolandygyny buýsanç bilen bellemelidiris. Azerbaýjan halky azatlyk ugrundaky söweş däplerine wepalydygyny görkezdi. Janlaryny gurban eden watanyň ogullary şol ganly günde Azerbaýjan halkynyň gahrymançylyk ýazgylaryna parlak sahypa ýazdylar. Azerbaýjanyň taryhynda bolup geçen betbagtçylyk bilen birlikde milli buýsanç güni bolan 1990-njy ýylyň ýanwar aýynyň 20-ne Azerbaýjan halky erkin, özygtyýarly we garaşsyz ýaşamaga mynasypdyklaryny bütin dünýä habar berdi.
Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň 1994-nji ýylyň fewral aýynda geçirilen ýörite sessiýasynda 20 Ýanwar pajygasyna kanuny-syýasy baha berildi we “1990-njy ýylyň ýanwar aýynyň 20-ne Bakuda bolup geçen pajygaly wakalar barada” kabul edilen karar esasynda 20 Ýanwar Milli Matam Güni diýilip yglan edildi.
Häzirki wagtda Azerbaýjanyň üç reňkli baýdagy ýurduň ähli özygtyýarly ýerlerinde parlaýar. Azerbaýjanyň sebit bitewiligini we özygtyýarlylygyny dikeltmek bilen döwrebap Azerbaýjan taryhynda abraýly bir döwür başlandy, şeýle hem Azerbaýjanyň azatlygy, garaşsyzlygy mundan başga-da sebit bitewiligi ugrunda 36 ýyl mundan öň – 1990-njy ýylyň ganly 20 Ýanwar hadysasynda şehit bolan Watan ogullarynyň ruhlary şat boldy.
Azerbaýjan halky 20 Ýanwar şehitleriniň hatyrasyna uly sarpa goýýar. Her ýyl pajygaly wakanyň belli gününde köpçülikleýin zyýaratlar edilýär, Azerbaýjan halky Şehitler Seýilgähine zyýarat edýär, olary buýsanç we minnetdarlyk bilen ýatlaýarlar.
Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy