Dark
Light
24.01.2026
sanly cozgut 25 THE ASHGABAT TIMES

«Akylly» tehnologiýalar – ylmyň binýady

21.01.2026

«Akylly» tehnologiýalaryň ýüze çykmagy we olaryň döwlet durmuşynyň dürli ugurlaryna giňişleýin ornaşdyrylmagy dünýä ykdysadyýetinde ösüşiň täze tapgyrynyň öňüni açdy. Ol, şonuň bilen birlikde-de, içerki we halkara bazarlara çykarylýan harytlaryň arasyndaky bäsdeşligi ýokarlandyrdy. Şeýle ýagdaýyň, ilkinji nobatda, harydyň hiline hem-de görnüş köpdürlüligine oňyn täsir edýändigi öz-özünden düşnükli bolsa gerek. Şu ýagdaýlardan ugur alnyp, ýurdumyzyň halk hojalygy pudagyna ylmyň iň täze gazananlarynyň toplumlaýyn ornaşdyrylmagy we bu ugurda hususy pudagyň wekilleriniň işjeňlik görkezýändikleri guwandyryjy ýagdaýdyr.

Mälim bolşy ýaly, ylymda innowasion işe ýardam bermeklik we ylmy barlaglaryň netijelerini açyp görkezmeklige amatly şertleri, meýdançalary döretmeklik zerur hasap edilýär. Dünýäniň ösen döwletlerinde bu babatda tehnologiýalaryň transfer merkezleri innowasion ösüşlerde täze çemeleşme bolup çykyş edýär. Hut şu maksat bilen 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda ýurdumyzda ilkinji Tehnologiýalaryň transfer merkezi döredildi. Onuň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda açylmagy hem ýöne ýerden däl, sebäbi bu merkez döwletimizde iň uly ýokary ylmy-tehniki mümkinçiliklere eýe bolan toplumdyr. Munuň özi merkezde täze innowasion infrastrukturany döretmek boýunça täze başlangyçdyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde hem-de degişli maksatnamalaryňdyr konsepsiýalaryň esasynda häzirki döwürde «akylly» tehnologiýalary, şonuň bilen birlikde-de ekologik taýdan arassa enjamlary milli ykdysadyýete ornaşdyrmak işleri giň gerimde dowam etdirilýär. Şunda ylmy çözgütleriň hemişe üns merkezinde saklanýandygy olaryň netijeliligini artdyrmakda aýratyn wajypdyr.

«Akylly» tehnologiýalary diňe bir gurluşyk pudagynda däl, eýsem, halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda-da giňden ornaşdyrmak üçin döwlet tarapyndan täze mümkinçiliklerdir ýeňillikler berilýär. Şeýle bolansoň hususy pudaga degişli gök we bakja önümlerini ýetişdirýän ýyladyşhanalar häzirki döwürde özleriniň netijeliligi bilen tapawutlanýar. Türkmen telekeçileridir işewürleri tarapyndan ýurdumyzyň ähli sebitlerinde gurlan ýyladyşhanalar diňe bir gök we bakja önümlerini ýetişdirmek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň milli ykdysadyýetiň eksport kuwwatyndaky ornuny artdyrmaga, Diýarymyzda ýerli toprak-howa şertlerine mahsus bolmadyk ekinleri ýyladyşhana şertlerinde ýetişdirmäge, halkymyz üçin täze iş orunlarynyň döremegine hem mümkinçilik berdi.

Içerki bazarda haryt bolçulygyny berkitmek, önümleriň özümizden artan bölegini halkara bazarlara eksport etmek ugrundaky tagallalar döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy esasynda, uzak geljegi nazarlaýar. Şeýle maksat ýurdumyzyň döwlete dahylsyz pudagynyň dürli ugurlarynda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny çaltlandyrmaga itergi berýär.

Şageldi WELIÝEW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň baş hünärmeni.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

english words only THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Soňky günlerde Pakistanda altynyň bahasy öň görülmedik depginde üýtgeýär

Amazon
Next Story

Amazonyň paýdarlary AWS-e daýanýar

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop