Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygaryna hem-de Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanylan talyplaryň arasynda breýn-ring bäsleşigini geçirer.
Intellektual bäsleşik Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 16-njy fewralda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň gatnaşmaklarynda geçiriler.
Bäsleşikde her ýokary okuw mekdepden talyplaryň altysyndan düzülen toparlar çykyş ederler. «Akyllaryň hüjümi» ençeme tapgyrlary özünde jemleýär hem-de däp boýunça sowal-jogap görnüşinde geçiriler. Gatnaşyjylara umumy häsiýetli gyzykly sowallar, şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty temasyna degişli taýýarlanylan logika boýunça sowallar berler.
Bäsleşigiň netijeleri eminleriň beren bahalary we gelen çözgütleri esasynda jemleniler. Gatnaşyjy ýokary okuw mekdepleriň toparlarynyň arasynda baş baýrak, I, II we III baýrakly orunlar bolar. Ýeňijiler Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň degişli derejeli diplomlary hem-de ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanarlar. Şeýle hem olar Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda 18-nji fewralda geçiriljek halkara maslahata we baýramçylyk konsertine gatnaşmaga hukuk alarlar.
«THE ASHGABAT TIMES».