29-njy ýanwarda Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Galuzin iş sapary bilen Aşgabada geldi. Saparyň çäklerinde ol Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow tarapyndan kabul edildi.
Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we onuň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda‑ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegi, bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi hem-de medeni‑ynsanperwer we bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri boýunça pikir alşyldy.
Taraplar strategik hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegine bolan özara ygrarlylygyny tassykladylar.
Russiýa Federasiýasynyň wekiliýeti 2026-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-nyň başlyklygy döwründe ähli zerur goldawy bermäge taýýardygyny belledi. Bu ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döredilmeginiň 35 ýyllygyna gabat gelýär.
Duşuşykda şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça giňişleýin pikir alyşyldy.