Dark
Light
10.01.2026
img 20260109 105414 318 THE ASHGABAT TIMES

“Barselonanyň” finaldaky garşydaşy belli boldy

09.01.2026

Ispaniýanyň Super Kubogy ýaryşynyň finalynda “Barselonanyň” garşydaşy belli boldy. Ýarym finalyň çäginde geçirilen Madrid derbisinde “Real Madrid” özüniň esasy bäsdeşleriniň biri bolan “Atletikony” 2-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşygyň eýýäm 2-nji minutynda Federiko Walwerde jerime urgusyndan uzak aralykdan ajaýyp gol urup, toparyny öňe saýlady.

Oýnuň ikinji ýarymynda “Realyň” hüjümleri dowam etdi we 55-nji minutda Rodrigo hasaby 2-0-a ýetirmegi başardy. Bu goldan bary-ýogy 3 minut geçensoň, Aleksander Sörlot “Atletiko” üçin bir gol urup, aratapawudy azaltsa-da, bu netije oýnuň gidişini üýtgetmäge ýeterlik bolmady. Şunlukda, Madrid derbisinden ýeňiş bilen çykan “Korollyk kluby” finala çykdy.

Dünýäniň ähli futbol janköýerleriniň sabyrsyzlyk bilen garaşýan “Barselona” we “Real Madrid” toparlarynyň arasyndaky uly final oýny 11-nji ýanwarda, ýekşenbe güni geçiriler. Bu gyzykly duşuşyk Aşgabat wagty bilen gije sagat 00:00-da badalga alar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

psg marseile THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

PSŽ Fransiýanyň Super Kubogynyň eýesi boldy: 13 ýylda 12-nji ýeňiş

Soňkylar Sport

GitTop