Dark
Light
01.02.2026
bedew yyly kollazh THE ASHGABAT TIMES

Bedew batly ösüşleriň mekany

10.01.2026

Ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Ýyllaryň atlary bolsa döwletli Diýarymyzyň taryhy tutumlary, halkymyzyň belent maksatlary, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän içeri hem daşary syýasaty bilen şöhratlanýar. 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagynda hem uly many bar.

Gahryman Arkadagymyz «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda: «At — türkmen üçin hemme zat. Bu geçmişde-de, şu günlerem şeýle. Ol barada müňlerçe nakyllar we atalar sözi döredildi, ol dilden aýdylýan ähli halk döredijiliginiň gahrymanyna öwrüldi» diýip belleýär. Bu gün türkmen bedewi ösüşlerimizi dünýä ýaýýan gymmatlygymyz bolup, şanly ýylymyzyň şygarynda we nyşanynda mynasyp orun aldy. Täze ýylymyzyň şygary bedew bady bilen beýik ösüşlere ýetýän ata Watanymyzyň şan-şöhratyna belent buýsanjy özünde jemleýär. 

Ýurdumyz bedew badyna deňelýän ösüş depgini bilen ýylyň-ýylyna täze üstünliklere ýetýär. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän içeri we daşary syýasatyň netijesinde gazanylýan taryhy, halkara ähmiýetli wakalaryň mysalynda aýdyň göz ýetirýäris. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda amala aşyrylan beýik işler, dünýäniň abraýly münberlerinden öňe sürlen başlangyçlar, tekliplerdir garaýyşlar ýurdumyzyň halkara giňişlikde uly abraýa eýedigini äşgär edýär.

Geçen ýyl ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesiniň bütin dünýäde giňden dabaralandyrylan ýyly bolup taryha ýazyldy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli halkara forum geçirilip, onda halkara jemgyýetçilikde gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen bagly wajyp wezipeler kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan halkara gatnaşyklarda ýüze çykýan meseleleriň öňüni almakda syýasy-diplomatik usullaryň peýdalanylmagyny ilerledip, bitaraplygyň ähmiýetli ornuny yzygiderli berkidýär.

Jemläp aýdanyňda, uly üstünlikler getiren, şanly wakalara beslenen 2025-nji ýyl zamanamyzyň taryhy senenamasynda mynasyp orun aldy. Bagtyýar döwrümize, manyly ömrümize dowamat beren şanly ýylyň uly üstünlikleri eşretli şu günümiziň we geljegimiziň binýadyny pugtalandyrýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylan täze ýylda öňe tarap okgunly hereket etmäge ynam hem güýç berýär.

Jumanazar BATMANOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Amaly mehanika kafedrasynyň müdiri.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

img 20260109 105414 318 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

“Barselonanyň” finaldaky garşydaşy belli boldy

buharesttt THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Buharest şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Soňkylar Makalalar

Ýylyň şygary – nesilleriň köňül çyragy

30.01.2026
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyz bedew bady bilen uly üstünliklere beslenýär. Bu üstünlikleri ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik ulgamynda görmek bizi guwandyrýar.

Bilimli ýaşlar – Watanyň abraýy

29.01.2026
Bilim jemgyýetiň ruhy güýjüni kesgitleýän esasy sütünleriň biridir. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň ösüş strategiýasynda bilim ulgamyna aýratyn orun berilýär.

Ýylymyzyň şygary – bilim üstünliklerine badalga

29.01.2026
Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany»

Çagalary bilime höweslendirmegiň usulyýetinde

28.01.2026
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanylan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň pedagogik we usuly wezipelerini durmuşa

Täze güýç, täze ynam bilen

28.01.2026
Täze ruh, täze güýç, täze ynam bilen 2026-njy ýyla gadam basdyk. Her ýylymyzyň döwrebap atlandyrylmagy, milli ösüşiň täze tapgyrynda esasy ugurlary şöhlelendirýän şygaryň yglan
GitTop