Berkarar Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy beýik galkynyşlarymyzy dünýä ýaýyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagyna täze badalga, ruhy joşgun berýär. 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we baky Bitaraplygyny has-da şöhratlandyrýar, Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli ugurlarda ýetilen belent sepgitleri, bedew batly ösüşleri dabaralandyrýar.
Şu ýyl halkymyz uly bir şanly senäni — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny dabaraly ýagdaýda garşylar. Şonuň üçin ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýubileý senesi, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Hormatly Prezidentimiziň Täze ýyl Gutlagynda belleýşi ýaly, «Türkmen halky öz arzuwlaryny, belent maksatlaryny ahalteke bedewleri bilen baglanyşdyrýar. Ahalteke bedewi biziň buýsanjymyzdyr, şöhratymyzdyr».
2026-njy ýylymyzyň şygary biz ― ýaş nesilleriň göwünlerini galkyndyrýar, täze üstünliklere ruhlandyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň: «Häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesiller düzýär. Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýip bellemegi buýsançly kalbymyzy joşdurýar. Şonuň üçin-de bu şanly ýylymyzda biz ― bagtyýar ýaşlar ata Watanymyzyň ösüş-özgerişlerine, abraý-mertebesine kämil bilim-başarnyklarymyz, halal zähmetimiz, döredijilik gözleglerimiz we belent maksatlarymyz bilen mynasyp goşant goşarys.
Taryhy wakalar, belent sepgitler «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyza hem rowaçlyk berýär. Bedew bady bilen gelen 2026-njy ýyl biz ― ýaşlar üçin arzuwlarymyzyň hasyl bolup, maksatlarymyzyň myradyna ýetjek, ylym-bilim, sport, döredijilik dünýäsinde täze gözýetimleri açjak ýyl bolar. Biz ― ýaşlara uly ynam bildirip, giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlarymyzy aýdýarys.
Nurana NURBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.