Dark
Light
05.02.2026
yaslar new THE ASHGABAT TIMES

Beýik işler bilime daýanýar

14.01.2026

Jemgyýetiň ösüşinde ylym-bilim esasy orun eýeleýär. Adamzat durmuşynda gazanylan ähli üstünliklerdir ýeňişler, ýetilen belent sepgitler hem ylym-bilimiň, ösen aňyýetiň miweleridir. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen täze taryhy eýýamda bilim işini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler giň gerime eýe bolýar.

Üstünlikli tamamlanan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ylym we bilim ulgamlarynda hem netijeli özgertmeler durmuşa geçirildi. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň döwrebap okuw binalar toplumy, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň binalar toplumy we başga-da köp sanly bilim maksatly desgalar açylyp ulanmaga berildi. Paýtagtymyz Aşgabat şäheri bolsa ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizildi.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji günleri milli bilim ulgamynda hem şanly wakalara beslendi. Şunda ýurdumyzyň bilim edaralarynda «Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr» diýen şygar bilen pedagogik işgärleriň usuly-amaly okuwlarynyň we maslahatlarynyň guralmagy möhüm ähmiýete eýe boldy. Onda 2025-2026-njy okuw ýylynyň ikinji ýarymynda öňde durýan wezipeler, şol sanda ilkinji okuw sapagyny ýokary derejede we netijeli guramak hem-de geçirmek bilen baglanyşykly wezipeler hem kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz: «Mugallymlarymyzyň döredijilikli zähmeti biziň bilim ulgamynda amala aşyrýan üstünliklerimiziň gözbaşydyr» diýip, biz —  mugallymlara uly ynam bildirýär. Döwlet Baştutanymyzyň beýik ynamyndan ruhlanyp, Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe bermekde mundan beýlägem yhlasly zähmet çekeris. Ýaş nesillere giň mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Sülgün ANNAMYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Dokma önümçiligi fakultetiniň tikinçilik önümçiliginiň tehnologiýasy hünäriniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

img 0056 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

CNPC “Galkynyş” käniniň 4-nji tapgyry boýunça işleri başlaýar

awtoas THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň jemagat hojalygynyň düzümine täze tehnikalar gelip gowuşdy

Soňkylar Makalalar

Okuw sapaklarynda dostluk terbiýesi

04.02.2026
Bilim ojaklary diňe bir ylym berilýän ýer bolman, eýsem, ýaş nesliň ahlak sypatlarynyň, şol sanda dostluk we doganlyk duýgularynyň kemala gelýän mukaddes mekanydyr. Sapak

Iňlis dilinde sözleýşi ösdürmegiň ýollary

03.02.2026
«Iňlis dilini nädip öwrenip bolarka? Hiç başyna baryp bilemok» ýa-da «Iňlis dilini öwrenmegiň ýeňiljek usuly ýokmuka? Haýsy kitaby okasam, nähili tertipde taýýarlyk görsem, iňlis

Aladamyz körpe nesil

02.02.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Sosial ulgamlarda trend: pingwin nirä barýar?

01.02.2026
Sosial ulgamlarda Antarktidanyň buzluklarynyň arasynda ýeke özi barýan pingwiniň şekillendirilen pursatlary giňden ýaýrady. Bu wideo meşhur nemes režissýory Werner Hersogyň surata düşüren «Dünýäniň gyrasyndaky
GitTop