«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzyň ilkinji günlerinde ýurdumyzyň bilim ulgamynda «Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr» diýen şygar bilen bilim işgärleriniň usuly-amaly okuwlary geçirildi. Nobatdaky usuly-amaly okuwlar 5 ― 7-nji ýanwar aralygynda Mary welaýatynyň etrapdyr şäherlerinde hem netijeli guraldy. Biz bolsa Mary şäheriniň çäginde mekdebe çenli çagalar edaralarynyň pedagogik işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu okuwlaryň täsirleri barada käbir bilim işgärleriniň çykyşlaryny saýtyň okyjylary bilen paýlaşmagy makul bildik.
Nurgözel BÄŞIMOWA,
Mary şäheriniň 38-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri:
― Ýurdumyzyň bilim ulgamynda örän ähmiýetli waka ― her ýylda iki möwsümde döwlet derejesinde geçirilýän bilim işgärleriniň usuly-amaly okuwlary bu ýyl hem üstünlikli guraldy. Mary şäheriniň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ýolbaşçylary, terbiýeçi-usulyýetçileri, şepagat uýalary, daşary ýurt dili mugallymlary, aýdym-saz ýolbaşçylary we terbiýeçileri bu okuwlara işjeň gatnaşdylar. Degişli temalar boýunça dürli çykyşlar ýerine ýetirildi, öňdebaryjy iş usullary we toplanan tejribeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Okuwlaryň dowamynda edilen çykyşlaryň elektron görkezme serişdeleri arkaly mazmunlaşdyrylmagy has täsirli boldy. Pedagogik işgärleriň iş usullaryny we tejribelerini artdyrmakda, öňdebaryjy iş tejribäni ýaýratmakda, bilimleri artdyrmakda we ýaş nesle mynasyp terbiýe bermek, sowat öwretmek işlerini mundan beýläk hem kämilleşdirmekde ýanwar okuwlarynyň ýokary ähmiýeti okuw-terbiýeçilik çärelerine öz mynasyp täsirini ýetirer.
Zöhre SAPARDURDYÝEWA,
Mary şäheriniň 37-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri:
― Her ýylda pedagogik işgärleriň usuly-amaly okuwlarynyň ýurdumyz boýunça işjeň guralmagynyň peýdasy uludyr. Mekdebe çenli bilim-terbiýe babatda hem şeýle işleriň netijeli geçirilmegi terbiýeçileriň, mugallymlaryň hünärlerini kämilleşdirmäge itergi berýär. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň bilim-terbiýeli, sowatly, hünärli, sagdyn ýetişdirilmegini gazanmakda alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik-usulyýet guramaçylyk çärelerini talabalaýyk guramagyň usullaryna, pedagogik ýörelgelerine degişli dürli mazmundaky çykyşlar ýaş hünärmenleriň hünärini berkitmekde, halypaçylygy ýola goýmakda hem netijeli bolup durýar. Okatmagyň usulyýetini döwrebaplaşdyrmagyň häzirki zaman tejribeleri, milli pedagogikanyň döwrebaplaşdyrylyşy, halkara tejribeleriniň ornaşdyrylyşy babatda öwrenilenleri özleşdirmek maksady bilen temalaýyn okuwlaryň çäklerinde gyzyklanma çäreleri, sapaklardan pursatlar, okuw-görkezme, paýlama esbaplaryň sergileri hem täsirli boldy. Munuň özi nazary düşünjeleriň üstüni ýetirmäge we amaly taýdan özleşdirmäge mümkinçilik berýär. Okuw ýylynyň ikinji ýarymynda hem degişli okuwlarda öwrenilenleri durmuşa geçirip, çagalar bakja-bagymyzda okuw-terbiýeçilik işlerini mundan beýläk hem üstünlikli ýerine ýetirmäge ruhlanýarys.
Gurbansoltan MÄMEDOWA,
Mary şäheriniň 22-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri:
― Mary şäherinde geçirilen pedagogik işgärleriň ýanwar usuly-amaly okuwlaryna biz hem çagalar bakja-bagymyzyň bilim işgärleri bolup işjeň gatnaşdyk. «Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr» diýen şygar boýunça guralan usuly-amaly okuwlarda bilim ulgamynyň täze sepgitleri hakynda çykyşlar diňlendi. Okuwlarda öňdebaryjy pedagogik işgärler, hünärmenler öz çykyşlarynda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna, Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda durmuşa geçirilýän döwlet Maksatnamalaryna hem-de bilim işini kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda okuw-terbiýeçilik işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, bilim işine okatmagyň täze iş tejribelerini, sanly tehnologiýalary, innowasion we öňdebaryjy iş usullaryny giňden ornaşdyrmagyň usullary barada bellediler. Bu okuwlar usuly taýdan bilimleri berkitmekde, tejribeleri artdyrmakda netijeli ähmiýete eýedir.
***
Görnüşi ýaly, bilim işgärleri zähmete höwes, ýurda söýgi bilen öňe barýarlar. Munuň şeýledigine 8-nji ýanwarda welaýatymyzyň etraplarynda we şäherlerinde geçirilen maslahatlarda hem göz ýetirmek bolýar. Bu maslahatlardan taýýarlan reportažymyzy bolsa indiki makaladan okap bilersiňiz.
Taýýarlan: Ogulgerek ABDYLLAÝEWA
Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň mekdebe çenli bilim we mekdepden daşary edaralar bölüminiň başlygy.