Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda okatmagyň usullary barha döwrebaplaşdyrylýar. Bu ugurda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegine uly orun degişlidir. Şu nukdaýnazardan, biz hem ýöriteleşdirilen welaýat mekdebimizde çagalara başlangyç bilim bermekde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerini gollanma edinip, şeýle-de bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatdaky döwlet syýasatynyň ýörelgelerinden ugur alyp, sapaklarymyzy täsirli we guramaçylykly geçirmäge çalyşýarys.
Konsepsiýanyň başlangyç bilim babatda öňde goýýan wezipelerine esaslanyp, çagalaryň duýgularyny, düşünjelerini ösdürmekde, bilim almaga bolan höweslerini artdyrmakda okatmagyň häzirki zaman usullaryna ýüzlenýäris. Sapaklarymyzda oýun usullaryndan peýdalanýarys, okuw-görkezme, paýlama esbaplarymyzyň sanyny artdyryp, olaryň hilli we mazmunly bolmagyna üns berýäris. Integrirlenen sapaklary geçmek, göreldeli sapaklary guramak, olarda ýaş nesilleriň sagdyn ösüşine we bilim almaklaryna gönükdirilen pedagogik tärlere ýüzlenmek bilen başlangyç synp okuwçlarynyň bilimler dünýäsine batly gadam basmaklaryny gazanýarys. Çünki ýurdumyzda ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýeli ýetişdirilmegine uly ähmiýet berilýär we ähli zerur şertler döredilýär.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew-batly at-myradyň mekany» ýylymyzda hem döwrümiziň belent ruhundan we ýylymyzyň şygaryndan ugur alyp, kiçi ýaşly mekdep okuwçylaryna okatmagyň kämil usullary arkaly bilim bermekde işjeňligimizi has-da artdyrarys.
Aýgül SÖÝÜNOWA,
Mary şäherindäki iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.