Dark
Light
11.01.2026
buharesttt THE ASHGABAT TIMES

Buharest şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

10.01.2026

2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Çärä gatnaşyjylar bu neşiriň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan  ykrar edilen we goldawyny gazanan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň taryhy tejribesini we onuň häzirki zaman ähmiýetini köptaraplaýyn düşünmegiň netijesidigini bellediler.

Şunuň bilen baglylykda, kitabyň Bitaraplygyň hukuk we syýasy esaslaryny, sebitleýin we global durnuklylygy üpjün etmekdäki döredijilikli ähmiýetini, Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini ösdürmäge goşýan goşandyny açyp görkezýändigi bellenilip geçildi.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda gazanan üstünliklerini açyp görkezýän döredijilik sergisi hem guraldy.

Bu çäre hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgelerini şöhlelendirdi.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bedew yyly kollazh THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bedew batly ösüşleriň mekany

img 0018 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Belarus bilen Türkmenistanyň arasynda gönüden-göni howa gatnawlaryny dikeltmek boýunça gepleşikler dowam edýär

Soňkylar Habar

Türkmenistan BMG bilen işjeň hyzmatdaşlyga ygrarly

09.01.2026
2026-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen
GitTop