Nesil terbiýesi asyrlarboýy halkymyzyň durmuş ýörelgesiniň aýrylmaz bir bölegi bolupdyr. Şoňa görä-de, häzirki wagtda bu ugra aýratyn üns berilýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem halkymyzyň milli däplerinden, halk pedagogikasynyň ýörelgelerinden ugur alyp, perzent terbiýesine jogapkärli çemeleşmeler has-da kämilleşdirilýär. Çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna görä olaryň irki ösüşi, bilim-terbiýesi utgaşykly alnyp barylýar.
Körpeleriň ahlak, gözellik, zähmetsöýerlik, millilik terbiýesini berkitmekde, olaryň ýokary watansöýüjilik ruhuny belende götermekde has netijeli usullardan peýdalanylýar. Sapaklarda sanly görkezme serişdelerinden peýdalanylýar, çeper eserlerden, halk döredijiliginiň gymmatly çeşmelerinden ugur alynýar. Çagalara döredijilikli berlen düşünjeler has ýiti we netijeli täsir edýär. Şonuň üçin hem gün tertibine laýyklykda geçirilýän gezelenç pursatlarynda olaryň zähmet terbiýesine, sagdyn ösüşine ähmiýet berlip çagalaryň agzybirligi, dost-doganlygy, sagdynlyga bolan garaýyşlary çuňlaşdyrylýar.
Çagalaryň medeniýetli, edep-terbiýeli kemala getirilmegi babatda geçirilýän usuly-pedagogik işleriň mazmuny, olaryň öýde hem üns merkezinde saklanmagy üçin ata-eneler bilen bilelikdäki işler hem sazlaşykly utgaşdyrylýar. Maşgala bilen bilelikdäki gatnaşyklary has-da mazmunlaşdyryp, terbiýeçiler we ata-eneler döwrümize mynasyp nesilleri kemala getirýärler. Munuň özi ýaş nesilleriň geljek-de hünärli, bilimli, il-halka wepaly şahsyýetler bolup ýetişmekleriniň özenidir.
Bilim-terbiýeçilik işlerini ýokary derejede amala aşyrmak üçin ähli mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlarymyzy aýdýarys!
Aýjeren HALLYÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 11-nji çagalar bakja-bagynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi.