Dark
Light
14.01.2026
eyran THE ASHGABAT TIMES

Daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

14.01.2026

2026-njy ýylyň 12-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Sebitleýin we halkara meseleleriniň birnäçesine seredilip geçildi, şeýle hem öň gazanylan ylalaşyklaryň çäklerinde 2026-njy ýylda işleri durmuşa geçirmegiň nobatdaky ädimleri kesgitlendi.

Diplomatlar şeýle hem Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryna degişli meseleleriň hem üstünde durup geçdiler.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

azer bas THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Soňkylar Habar

GitTop