Dark
Light
10.01.2026
ecamdunheap86qxqwgyhpzwu5pwlpn 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES

Daşary işler ministrliginde ABŞ-niň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

08.01.2026

2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda Daşary işler ministri Raşid Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-niň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gurallarynyň, hususan-da, ýyllyk syýasy geňeşmeleriň we “Türkmenistan-ABŞ” Işewürler geňeşiniň duşuşyklarynyň netijeliligi bellenildi.

Taraplar, hususan-da, amerikan kompaniýalarynyň Turkmenistandaky köp ýyllyk işleriniň netijeliligini we elektrik energiýasy, oba hojalygy we ulag ulgamlarynda, şol sanda “John Deere”, “General Electric” we “Boeing” ýaly kompaniýalar bilen bilelikdäki işewürlik şertnamalarynyň durmuşa geçirilmegini aýratyn nygtadylar.

Diplomatlar bilim, ylym we medeniýet ugurlaryna üns berip, hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini döretmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen tarapy türkmen-amerikan medeni dialogyny ýola goýmak başlangyjyny beýan etdi.

Duşuşykda ýokary tehnologiýalar we bank-maliýe pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alşyldy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

pivmdkh8duv7rxbw5vffrmi40akenj 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşdy

kitaphana new THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Okatmagyň usulyýeti – bilim özgertmeleriniň binýady

Soňkylar Habar

Türkmenistan BMG bilen işjeň hyzmatdaşlyga ygrarly

09.01.2026
2026-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen
GitTop