Dark
Light
01.02.2026
pivmdkh8duv7rxbw5vffrmi40akenj 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES

Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşdy

08.01.2026

2026-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Bandaru Wilsonbabu bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-hindi gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Diplomatlar şu ýylyň dowamynda ýokary döwlet derejesindäki saparlary we duşuşyklary guramak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň özara saparlarynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen baglylykda, ýakyn wagtda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary derejesinde geçirilmegi meýilleşdirilýän syýasy geňeşmeleriň deslapky gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, Söwda-ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hindi hökümetara toparynyň işiniň ähmiýeti bellenildi we onuň indiki mejlisini ýakyn wagtda geçirmegiň möhümdigi nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda geljekki duşuşyklarda we saparlarda gol çekilmegi meýilleşdirilýän resminamalaryň taslamalaryna hem seredilip geçildi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

oba newnew THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Oba hojalygy: ösüş-özgerişler ýoly bilen

ecamdunheap86qxqwgyhpzwu5pwlpn 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Daşary işler ministrliginde ABŞ-niň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Soňkylar Habar

BIChO + BIMO: Buharadan 46 medal!

01.02.2026
Türkmen talyplary şu ýylyň 25 ― 29-njy ýanwary aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde geçirilen Halkara matematika olimpiadasynda (BIMO ― 2026) hem-de Halkara himiýa olimpiadasynda
GitTop