Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirildi. Geçen ýylda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeler hem rowaçlyklara beslendi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz göni ýaýlymda ildeşlerimize ýetiren Täze ýyl Gutlagynda: «2025-nji ýyl Garaşsyz Watanymyzyň täze taryhynda halkymyzyň durmuşyny üstünliklere beslän ýyllaryň biri boldy. Bu ýyl türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlary, taryhy başlangyçlary has-da rowaçlandy» diýip belleýär. Bu jümleler röwşen geljege tarap ynamly we okgunly barýan ata Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrdy.
Geçen ýyl berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilen senesi hökmünde Türkmenistanyň taryhyna ýazyldy. Uly ähmiýetli wakalar, ýetilen belent sepgitler ata Watanymyzyň halkara abraýyny ýene bir mertebe belende göterdi. Geçen ýylda gazanylan netijelere ser salanyňda, edermen daýhanlarymyz Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak ýokary hilli bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirdiler.
Halkymyz ýurdumyzyň ösüşlerini bedew badyna deňeýär. Şoňa görä-de, ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, täze, 2026-njy ýyla «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip at berilmegi mähriban halkymyzyň buýsanjyny goşalandyrdy. Bu ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy uly dabaralara beslenip bellenip geçiler.
Ejeş ORAZMÄMMEDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Dokma önümçiligi fakultetiniň tikinçilik önümçiliginiň tehnologiýasy hünäriniň talyby.