Dark
Light
24.01.2026
ykdysady halk new 25 THE ASHGABAT TIMES

Giň gerimli özgertmeler – täze sepgitlere badalga

18.01.2026

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent ruhy bilen özboluşly sazlaşygy emele getirip, halkymyzyň taryhyna şöhratly sahypalaryň biri bolup ýazyldy. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda Diýarymyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça giň gerimli maksatnamalaýyn özgertmeler dowam etdirildi.

2025-nji ýyl türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň ösüş ýolunda nobatdaky üstünlikli möhüm tapgyr boldy. Geçen ýyl Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysyna zähmet ýeňişleri, uly sepgitler we beýik başlangyçlar bilen girdi. Giň gerimli taslamalar amala aşyryldy, täze desgalaryň binýady tutuldy. Ykdysadyýet, ylym-bilim, saglygy goraýyş, oba hojalygy, durmuş taýdan üpjünçilik ulgamlary, ýangyç-energetika toplumy, ulag we aragatnaşyk, gurluşyk, medeniýet, sungat, mahlasy, bularyň her biri öz ösüşinde güýçli itergi aldy.

Ykdysadyýetde ýetilýän sepgitler durmuş ugurly taslamalary giň gerimde amala aşyrmaga, şäherleri we obalary abadanlaşdyrmaga, ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaý toplumlaryny, döwrebap söwda merkezlerini, bilim edaralaryny, saglygy goraýyş düzümlerini gurmaga mümkinçilik berýär. Şunda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda täze etraplaryň hem döredilendigini bellemelidiris. Diýarymyzyň ähli ýerlerinde döwrebap mekdepler, çagalar baglary, saglygy goraýyş, sport desgalary, medeniýet edaralary, önümçilik binalary, başga-da köp sanly desgalar ulanmaga berildi. Bagtyýar maşgalalaryň müňlerçesi täze jaýly bolmak bagtyna eýe boldy.

Goý, berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwaty we halkymyzyň bagtyýar durmuşy ebedi bolsun! «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem Türkmenistan döwletimiziň ynamly ösüşleri, beýik ýeňişleri dowamat-dowam bolsun! Halkymyz üçin, Watanymyzyň bagtyýar geljegi üçin ägirt uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary elmydama rowaçlyklara beslensin!

Wepaly MUHAMMETÝAZOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

ppales taze THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

dermanlyk saglyk 17 25 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Dermanlyk ösümlikler – gymmatly hazyna

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop