Halkara çaý komitetiniň (International Tea Committee) berýän maglumatlaryna görä, dünýä boýunça çaý öndürmegiň umumy göwrümi takmynan 7,05 million tonna barabar boldy. Dünýä önümçiliginiň tas ýarysy Hytaýyň paýyna düşýär — 3,74 million tonna çaý.
Hytaýdan başga-da, çaý bazarynda Hindistan agdyklyk edýär: ol 1,28 million tonna çaý öndürdi. Üçünji orunda bolsa Keniýa durýar — takmynan 0,6 million tonna.
Iň gowy bäşlige Türkiýe (0,27 million tonna) we Şri-Lanka (0,26 million tonna) hem girýär. Şeýle-de çaý öndürmekde öňdebaryjylaryň arasynda Wýetnam, Indoneziýa we Ýaponiýa bar.
«THE ASHGABAT TIMES».