Dark
Light
26.01.2026
kitap gadymy THE ASHGABAT TIMES

Kitaplar – köňül baýlygy

26.01.2026

Medeniýeti ösdürmekde kitaba, kitaphanaçylyk işine möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň kitaplary bolsa ýaşlar, asyl, tutuş halkymyz üçin watansöýüjilik mekdebi bolup durýar. Milli Liderimiz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda kitap okamagyň peýdasy, onuň ynsan durmuşyndaky ähmiýeti barada durup geçýär.

Ýurdumyzyň kitaphanalary umumy elýeterli bilim çeşmeleri we özbaşdak bilim almagyň esasy binýady bolup durýar. Olar jemgyýetiň günsaýyn artýan ruhy islegini kanagatlandyrmak bilen köpçüligiň medeni derejesini ýokarlandyrmakda möhüm orun eýeleýär. Şoňa görä-de, häzirki wagtda Milli Liderimiziň nusgalyk başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan döwletimizde kitaphana ulgamy ygtybarly ösdürilýär, sanly ulgam ornaşdyrylýar, okyjylara ýokary hilli kitaphana hyzmatlary hödürlenilýär. «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi muňa aýdyň subutnamadyr.

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Kitaphanalar — paýhas öýi. Durmuşyň ähli ugurlaryna degişli edebi-çeper, taryhy we ylmy kitaplary bu ýerde aňsatlyk bilen tapyp bolýar. Dürli dünýä dilleri, alys we ýakyn ýurtlaryň wekilleri, olaryň pikir-garaýyşlary, aýdan sözleri, döreden eserleri bilen tanşyp bolýar» diýip belleýär. Dogrudan-da, kitaphanalar — paýhas öýi, ruhy kämilligiň merkezi. Kitaplar dünýäsine aralaşmak bilen, biz ruhy kämillige, aň ösüşine ymtylýarys.

Bir söz bilen aýdanyňda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe paýhas öýi bolan kitaphanalaryň işiniň döwrüň talabyna laýyk ýola goýulmagy hem-de yzygiderli kämilleşdirilmegi halkymyzyň aň-bilim, medeni derejesini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Çünki paýhasly pederlerimiziň aýdyşy ýaly, kitap geçeni, geljegi öwredýän danadyr.

Zöhre NAZARGELDIÝEWA,
Döwletli etrabynyň Dostluk şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

serti galkynys THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna halkara şahadatnamalar gowşuryldy

Soňkylar Makalalar

Bedew ruhy – ösüşleriň badalgasy

26.01.2026
Berkarar Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy beýik galkynyşlarymyzy dünýä ýaýyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagyna täze badalga, ruhy

Milli terbiýe – asylly ýörelge

25.01.2026
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanylyp,

Ýaş nesliň terbiýesinde parahatçylyk mekdebi

24.01.2026
Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň buýsanjymyz, asuda durmuşymyzyň sarsmaz sütünidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp eseri bu

SPECA forumy: strategik ugurlarda dialogy ilerletmek

24.01.2026
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeliginiň çäklerinde ykdysady forum üstünlikli geçirildi. Şunda Milletler Bileleşiginiň standartlaryny
GitTop