2026-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Gündogaryň akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň rumyn diline terjime edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary, institutyň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň, Rumyniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ion Nawalyň, Türkmenistanyň Rumyniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Annamämmet Annaýewiň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowanyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri Nargül Ataşewanyň hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmen edebiýaty kafedrasynyň mugallymy Läle Aşyrowanyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory B.Mätliýewiň çykyşlary diňlenildi.
Dabara gatnaşyjylar bu wakanyň Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdiler, şeýle-de medeni mirasy, gadymy gymmatlyklary we milli sungaty wagyz etmekdäki ägirt uly ornuny belläp geçdiler.
«THE ASHGABAT TIMES».