Dark
Light
26.01.2026
caga bilim THE ASHGABAT TIMES

Milli terbiýe – asylly ýörelge

25.01.2026

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanylyp, bu babatynda degişli işler dowamly durmuşa geçirilýär. Bilim işgärleri üçin döredilýän şeýle giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, biziň çagalar bakja-bagymyzda körpeleriň aň-düşünjeli, edep-terbiýeli, bilimli bolmagy üçin ençeme işler alnyp barylýar.

Körpelere okatmagyň täze usullaryndan ugur alnyp, şeýle hem dürli görkezme esbaplaryndan peýdalanylyp döwrebap bilim berilýär. Çaganyň aňyna çalt täsir etmek maksady bilen olar dürli oýunlaryň üsti bilen sapak geçýärler. Ýurdumyzdaky her bir geçirilýän baýramçylyklarda bolsa, terbiýeçilerimiz körpeleriň gatnaşmagynda baýramçylyk çärelerini yzygiderli guraýarlar. Olaryň irginsiz yhlasy bilen çagalarymyz etrap, welaýat derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde baýrakly orunlary eýelemegi başarýarlar.

Çaga — ynsan durmuşynyň bezegi. Ata Watanymyzda körpe neslimiz aýratyn aladalar bilen gurşalandyr. Paýtagtymyzda «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň hem-de Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň düýbüniň tutulmagy, kitaphanada teleskop arkaly asman giňişligini synlamaga niýetlenen obserwatoriýa otagynyň gurnaljakdygy we kitaphananyň döwrebap sanly tehnologiýalardyr enjamlar bilen üpjün ediljekdigi ýaş nesillerimiz barada edilýän aladalaryň aýdyň nyşanydyr. Şeýle-de ähli döwrebap şertleri bolan çagalar bakja-baglarynyň orta we ýokary okuw mekdepleriniň gurlup ulanmaga berilmegi ýaş nesil baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendiginiň aýdyň güwäsidir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylymly-bilimli, akylly-başly, edep-ekramly, medeniýetli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, ruhubelent nesli ýetişdirmek, ilkinji nobatda, maşgalanyň paýyna düşýär. Her bir ata-ene öz terbiýelän perzendiniň il-gününe oňat hyzmat etmelidigini hem kalbyna guýmaly. Munuň özi milli terbiýäniň gözbaşy bolup, maşgaladaky asylly ýörelgelere eýermekdir. Her bir ynsanyň, jemgyýetiň kämilligi maşgala ojagyndan başlanýar. Şonuň üçin hem halkymyzda şeýle nakyl bar: «Çagany — ýaşdan, edebi — başdan».

Jahan JEPBARBERDIÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 34-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bitara kita THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýaş nesliň terbiýesinde parahatçylyk mekdebi

cagalar bagy terbiyeci surat THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Çagalar bagynda rus dilini öwretmegiň usulyýeti

Soňkylar Makalalar

Kitaplar – köňül baýlygy

26.01.2026
Medeniýeti ösdürmekde kitaba, kitaphanaçylyk işine möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň kitaplary bolsa ýaşlar, asyl, tutuş halkymyz üçin watansöýüjilik mekdebi bolup durýar. Milli

Bedew ruhy – ösüşleriň badalgasy

26.01.2026
Berkarar Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy beýik galkynyşlarymyzy dünýä ýaýyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagyna täze badalga, ruhy

Ýaş nesliň terbiýesinde parahatçylyk mekdebi

24.01.2026
Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň buýsanjymyz, asuda durmuşymyzyň sarsmaz sütünidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp eseri bu

SPECA forumy: strategik ugurlarda dialogy ilerletmek

24.01.2026
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeliginiň çäklerinde ykdysady forum üstünlikli geçirildi. Şunda Milletler Bileleşiginiň standartlaryny
GitTop