Dark
Light
28.01.2026
2026 01 28t09 18 37 a51d0cc7 9c0e 4b3e 86e2 baf4f6bb6c47 THE ASHGABAT TIMES

«Nusaý» brendi «Arkadag» — «Al-Nasr» duşuşygyna bagyşlanan ýörite sport köýneklerini öndürip başlady

28.01.2026

11-nji fewralda Aşgabatda geçiriljek «Arkadag» we «Al-Nasr» futbol klublarynyň arasyndaky taryhy duşuşyga taýýarlyk görülýär. Bu möhüm sport wakasynyň hormatyna Türkmenbaşy adyndaky Dokma toplumy «Nusaý» brendi astynda sport köýnekleriniň ýörite we çäkli tapgyryny öndürmäge başlady.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, türkmen janköýerleri üçin ýörite dizaýn edilen bu köýnekler ýokary hilli we arassa nah matadan tikilýär. Sport lybaslarynyň öň tarapynda «Arkadag» toparynyň ady, arka ýüzünde bolsa 2026-njy ýylyň şygary bolan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen buýsançly ýazgy ýerleşdirilendir.

Türkmenbaşy adyndaky Dokma toplumy häzirki wagtda diňe bir ýerli däl, eýsem halkara sport äleminde hem uly abraýa eýedir. Kärhanada eýýäm uzak wagtdan bäri FIFA we UFC ýaly dünýä derejeli guramalaryň nyşanly önümleri üstünlikli öndürilip gelinýär. Toplumda tikilýän ýokary hilli sport eşikleri diňe bir ussat türgenleriň däl, eýsem işjeň durmuş ýörelgesini alyp barýan raýatlaryň hem söýgüli önümlerine öwrüldi.

Täze çykaryljak sport köýnekleri toplumy futbol muşdaklary üçin geljekki oýnuň ýatda galyjy sowgady we taryhy pursady bolar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

2026 01 28t11 31 30 b4c03637 0ca2 47fe a564 0f5447cf6859 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bakuwda türkmen we azerbaýjan gümrükçileriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirilýär

Soňkylar Habar

GitTop