Oba hojalygynda iň möhüm işleriň biri-de ekin meýdanlaryna dogry ideg etmekdir. Ýerleriň maksadalaýyk we netijeli peýdalanylmagy hem-de ondan ýokary hasyl alynmagy üçin döwrebap tehnikalaryň ähmiýeti örän uludyr. Ekin ekilende ulanylýan enjamlar hem-de tehnikalar oba hojalygynda önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Türkmenistanyň oba hojalyk pudagy üçin daşary ýurtlardan dünýä belli kompaniýalaryň kuwwatly tehnikalary satyn alynýar. Hususan-da dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bolan «CLAAS», «John Deere» kompaniýalarynyň tehnikalary ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda giňden ulanylýar. Şolaryň kömegi bilen ekerançylyk meýdanlaryndaky işde öndürijilik ýokarlanýar.
Ekişe başlamazdan öň ýerler suwarylyp taba getirilýär. Traktorlar, kultiwatorlar ýer gatlagyny ýumşatmak, ot-çöpleri ýok etmek üçin, diskli boronalar bolsa, agdarylan topragyň iri böleklerini ýumşak ýagdaýa getirmek üçin ulanylýar. Bulardan başga-da, ekiş işinde zerur bolan esasy enjamlar: takyk ekin ekijiler dürli ekinleriň tohumlaryny deň derejede, belli aralykda ekmek üçin; ýeralma ekijiler ýeralma ekmek üçin ýörite enjamlara dakylýan ekijiler, däneli ekinleriň göwnejaý ösmegi üçin ýörite seýalkalar ulanylýar.
Ulanylýan döwrebap tehnikalar oba hojalygynyň ösüşine oňyn täsir edýär. Olar diňe bir zähmeti ýeňilleşdirmän, eýsem, ýokary hasyl almaga mümkinçilik berýär. Tehnologiýalaryň yzygiderli kämilleşdirilmegi oba hojalygynyň has-da ösmegine itergi berýär.
Azatjan SERDAROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Agroekologiýa fakultetiniň Ösümlikleri goramak hünäriniň 5-nji ýyl talyby.