Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» tassyklanylmagy hem bu babatda möhüm ähmiýete eýedir. Garaşsyz Diýarymyzyň körpe nesilleriniň terbiýelenýän we sowat öwrenýän ojagy bolan çagalar bakja-baglarynda aň we beden taýdan ösen nesilleri ýetişdirmäge uly mümkinçilikleriň döredilýändigi biz ― terbiýeçileri has-da buýsandyrýar.
Konsepsiýa laýyklykda, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bilim işgärleriniň syýasy sowatlylygy, hünär derejesi ýokarlandyrylýar we pedagogik ussatlylygy kämilleşdirilýär. Usuly birleşmeleriň we usuly sagatlaryň işiniň netijeliligi döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli ýokarlandyrylýar. Şeýle mümkinçiliklerden ruhlanyp, biz hem çagalar bakja-bagymyzda okuw maksatnamalaryndan ugur alyp sapaklarymyzy innowasion taýdan baýlaşdyrylan, usuly taýdan kämilleşdirilen esaslarda guramaga çalyşýarys.
Çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna görä geçýän sapaklarymyzy gün tertibiniň talaplaryna laýyk gurap, bagtyýar nesillerimiziň duýgularyny ösdürmekde, daş-töwerek we tebigat bilen tanyşdyrmakda, şekillendiriş sungaty, ýelimlemek, gurnamak hünärlerini öwretmekde, sowat öwretmekde, ýönekeý matematik düşünjelerini ösdürmekde, bedenterbiýe arkaly fiziki ösüşi gazanmakda, sözleýiş dilini ösdürmekde, aýdym-saz sapaklary arkaly sungat başarnyklaryny kämilleşdirmekde, şeýle-de rus we iňlis dillerini öwretmekde meýilnamalaýyn işleri maksadalaýyk amala aşyrmaga çalyşýarys. Sapaklarda oýun usullaryndan peýdalanyp, adaty, adaty däl, innowasion, işjeň görnüşlerde guraýarys.
Eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna tutumly işleri alyp barýan, milli bilim ulgamynyň usulyýet goruny baýlaşdyrmaga, okamak, öwrenmek üçin çeşmeleri artdyrmaga uly ähmiýet berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Sülgün WEÝISOWA,
Daşoguz şäheriniň 8-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.