Dark
Light
01.02.2026
kitaphana new THE ASHGABAT TIMES

Okatmagyň usulyýeti – bilim özgertmeleriniň binýady

08.01.2026

Şu ýylyň ýanwar aýynyň 5 — 7-si aralygynda ýurdumyzyň etrapdyr şäherlerinde «Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr» diýen şygar bilen bilim işgärleriniň usuly-amaly okuwlary guramaçylykly geçirildi. Usuly-amaly okuwlarda kämil, edep-terbiýeli ýaşlary kemala getirmek boýunça bilim işgärleriniň öňünde durýan wezipeleri durmuşa ornaşdyrmagyň iş tejribeleri barada giňişleýin söhbet edildi. 2025 — 2026-njy okuw ýylynyň birinji ýarymynyň jemleri we ikinji ýarymynda ýerine ýetirilmeli işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Usuly-amaly okuwyň esasy maksady — tejribe alyşmak, öňdebaryjy iş tejribäni ýaýratmak we okatmagyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän nusgalaryny bilim işine ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Okuwlaryň dowamynda ösüp gelýän ýaş nesle ata-babalarymyzyň öwüt-ündewleri esasynda bilim-terbiýe bermegi has-da kämilleşdirmegiň milli bilim ulgamynyň esasy wezipesidigini, bilim özgertmelerini işjeňleşdirmek, «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmekde mekdebe çenli çagalar edaralarynyň pedagogik işgärleriniň öňünde durýan wezipeler baradaky çykyşlar diňlenildi.

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň bilim işgärleri hem bu okuwlara işjeň gatnaşdylar. Degişli temalar boýunça dürli çykyşlar ýerine ýetirildi, öňdebaryjy iş usullary we toplanan tejribeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Okuwlaryň dowamynda edilen çykyşlaryň elektron görkezme serişdeleri arkaly mazmunlaşdyrylmagy has täsirli boldy. Pedagogik işgärleriň iş usullaryny we tejribelerini artdyrmakda, öňdebaryjy iş tejribäni ýaýratmakda, bilimleri artdyrmakda we ýaş nesle mynasyp terbiýe bermek, sowat öwretmek işlerini mundan beýläk hem kämilleşdirmekde ýanwar okuwlarynyň ýokary ähmiýeti okuw-terbiýeçilik çärelerine öz mynasyp täsirini ýetirer.

2025 — 2026-njy okuw ýylynyň ikinji ýarymýyllygy düşümli bolsun! Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýar we eşretli durmuşda ýaşamagynyň bähbitlerine alyp barýan ähli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Gülsenem AMANOWA,
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap bilim bölüminiň hünärmeni.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

ecamdunheap86qxqwgyhpzwu5pwlpn 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Daşary işler ministrliginde ABŞ-niň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Kriptografiýa sanly maglumatlaryň ygtybarlylygyny üpjün edýän häzirki zaman ylmyň özeni

Soňkylar Makalalar

Sosial ulgamlarda trend: pingwin nirä barýar?

01.02.2026
Sosial ulgamlarda Antarktidanyň buzluklarynyň arasynda ýeke özi barýan pingwiniň şekillendirilen pursatlary giňden ýaýrady. Bu wideo meşhur nemes režissýory Werner Hersogyň surata düşüren «Dünýäniň gyrasyndaky

Ýylyň şygary – nesilleriň köňül çyragy

30.01.2026
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyz bedew bady bilen uly üstünliklere beslenýär. Bu üstünlikleri ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik ulgamynda görmek bizi guwandyrýar.

Bilimli ýaşlar – Watanyň abraýy

29.01.2026
Bilim jemgyýetiň ruhy güýjüni kesgitleýän esasy sütünleriň biridir. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň ösüş strategiýasynda bilim ulgamyna aýratyn orun berilýär.

Ýylymyzyň şygary – bilim üstünliklerine badalga

29.01.2026
Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany»

Çagalary bilime höweslendirmegiň usulyýetinde

28.01.2026
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanylan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň pedagogik we usuly wezipelerini durmuşa
GitTop