Kuweýtiň paýtagtyndaky Jaber Al-Ahmad adyndaky Halkara stadionynda Fransiýanyň Super Kubogy (Trophée des Champions) ugrunda dartgynly duşuşyk geçirildi. Ýurduň hem çempiony, hem-de kubogynyň eýesi bolan PSŽ topary “Marsel” bilen duşuşyp, nobatdaky gezek çempionlygy baýram etdi. Oýun PSŽ-niň hüjümleri bilen başlady we eýýäm 13-nji minutda Usman Dembele hasaby açmagy başardy. Emma oýnuň ikinji ýarymynda “Marsel” hüjümlerini güýçlendirip, 76-njy minutda Meýson Grinwudyň takyk uran penaltisi bilen hasaby deňledi. Duşuşygyň 87-nji minutynda Paçonyň öz derwezesine uran goly “Marseli” öňe çykardy. Emma oýnuň ahyrynda Gonsalu Ramuş ýene bir gezek sahna çykyp, 90+5-nji minutda hasaby deňlemegi başardy we toparyny ýeňlişden halas etdi.
Ýeňijini kesgitlemek üçin geçirilen penalti urgularynda PSŽ 4-2 hasabynda üstün çykyp, umumylykda 14-nji gezek Fransiýanyň Super Kubogynyň eýesi boldy. Bu ýeňiş Pariž kluby üçin özboluşly rekord bolup, olar soňky 13 ýylyň içinde 12-nji gezek bu kubogy asmana göterdiler. Bellesek, topar 2013-nji ýyldan bäri diňe 2021-nji ýylda bu baýrakdan mahrum bolupdy. PSŽ-niň bu ýaryşdaky taryhy ýoly 1995-nji we 1998-nji ýyllardaky ilkinji ýeňişlerinden gözbaş alýar.
“Marsel” topary bolsa 14 ýyldan soň ilkinji uly kubogyny gazanmak mümkinçiligini elden gidirdi. Soňky gezek 2012-nji ýylda Liga Kubogyny eýelän topar, bu gezek finalda ýeňliş ajysyny datmaly boldy.