Dark
Light
24.01.2026
konstitit THE ASHGABAT TIMES

Raýatlaryň eýeçilik hukugy

21.01.2026

Türkmenistanda raýatlaryň eýeçilik hukugy «Eýeçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda we beýleki degişli kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan tertipde we şertlerde ýüze çykýar. Kanuna laýyklykda, Türkmenistanda raýatlaryň eýeçilik hukugy döwletimiz tarapyndan ykrar edilýär we ol kanun arkaly goralýar.

Raýatyň eýeçiligi onuň önümçilige gatnaşmagyndan we özüniň zähmete bolan başarnyklarynyň gaýry ygtyýar edilmeginden, telekeçilik işinden, şahsy hojalygynyň ýöredilmeginden alan girdejileriniň hem-de karz edaralaryna, paýnamalara we beýleki gymmatly kagyzlara goýlan serişdelerinden alan girdejileriniň, miras boýunça we ýurdumyzyň kanunçylygyna garşy gelmeýän gaýry esaslar boýunça emlägi edinmeginiň hasabyna döredilýär we köpeldilýär. Raýatyň emlägi, miras almaga hukugy ykrar edilýär we kanun tarapyndan goralýar.

Zadyň eýesi emläge eýeçilik etmek, ony peýdalanmak we oňa ygtyýarlyk etmek boýunça öz ygtyýarlyklaryny başga bir şahsa geçirip, emlägi girewiň närsesi hökmünde peýdalanyp ýa-da ony gaýry usulda borçlandyryp, öz emlägini beýleki şahsyň eýeçiligine ýa-da dolandyrmagyna geçirip biler, şeýle hem öz emlägi babatda döwletimiziň kanunçylygyna garşy gelmeýän islendik hereketleri amala aşyrmaga haklydyr.

Raýatlaryň birleşiginiň eýeçiliginiň obýekti gatnaşyjylaryň goýumlarynyň, telekeçilik işinden we beýleki kanuny çeşmelerden alnan girdejileriň hasabyna döredilýär. Raýat öz eýeçiliginde durýan emlägi, bu maksat üçin ýuridik şahsy döretmezden, telekeçilik işi üçin ulanyp biler. Raýat tarapyndan bilelikdäki telekeçilik işi üçin maşgala agzalarynyň we (ýa-da) beýleki raýatlaryň emlägi ulanylan halatynda, öndürilen önüm we alnan girdejiler, eger olaryň arasyndaky şertnamada başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, olara umumy paýly eýeçilik hukugynda degişli bolup durýar. Raýat öz emlägini paýdarlar jemgyýetlerine, hojalyk jemgyýetlerine, kooperatiw we gaýry kärhanalara, raýatlaryň we ýuridik şahslaryň beýleki birleşiklerine goýumy hökmünde peýdalanmak bilen telekeçilik işini amala aşyryp biler.

Ýurdumyzda raýatlaryň eýeçiliginiň eldegrilmesizligi, goragy we olaryň ösdürilmegi, şertleriň döredilmegi kepillendirilýär. Zat eýesiniň Türkmenistanyň raýat kanunçylygyna laýyklykda, öz eýeçilik obýektini keseki biriniň bikanun eýelemeginden talap edip almaga hukugy bardyr, zat eýesi özüniň hukugynyň islendik bozulmalarynyň, hatda bu bozulmalar eýelik edilmeginden mahrum etmek bilen baglanyşykly bolmadyk hem bolsa, düzedilmegini talap edip biler. Eýeçilik hukugynyň goralmagy kazyýet tarapyndan amala aşyrylýar.

Göwher ANNAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

image 9 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty, täze döwrüň akylly inženerleriniň mekany

emblema 2026 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bedew bady bilen belent maksatlara tarap!

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop