Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeliginiň çäklerinde ykdysady forum üstünlikli geçirildi. Şunda Milletler Bileleşiginiň standartlaryny peýdalanmak arkaly multimodal sanly geçelgeleri döretmek boýunça anyk ädimleri kesgitläp, SPECA ýurtlarynyň halkara söwda ulgamyna işjeň goşulyşmagyny gazanmak gün tertibinde durýan esasy mesele boldy.
Bitarap Türkmenistan 28 ýyl mundan ozal sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam bermäge gönükdirilen mehanizm hökmünde döredilen BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasyna gatnaşyjy ýurtlar bolan Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan we Azerbaýjan bilen işjeň söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýar. Çünki söwda diňe bir ykdysady gural bolman, eýsem, ýurtlary birleşdirýän köpri, umumy ösüşiň tizleşdirijisi, pugta hyzmatdaşlygyň binýady hem hasaplanýar. 2025-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanyň SPECA gatnaşyjy döwletler bilen umumy söwdasynyň möçberiniň 2,2 milliard amerikan dollaryndan geçmegi-de bu ugurdaky tagallalaryň netijeli häsiýete eýedigini görkezýär. Şunda sebit ýurtlarynyň Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygyndaky paýynyň 11 göterime çenli ýetendigini bellemek gerek.
Özara bähbitli ulag ugurlarynyň ösdürilmegi, söwda päsgelçilikleriniň aradan aýrylmagy ýurtlaryň ykdysady taýdan özüne çekijiligini ýokarlandyrmagyň möhüm çelgileridir. Şoňa görä, SPECA ýurtlary, şol sanda biziň döwletimiz hem söwda amallaryny kämilleşdirmek arkaly Bütindünýä Söwda Guramasy (BSG) bilen hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn gyzyklanma bildirýär. «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen SPECA ykdysady forumynda hut şu ugurda amala aşyrylýan işlere ser salnyp, BSG-ä girmekde ýurtlaryň toplan tejribeleri barada pikir alşyldy.
Umuman, türkmen paýtagtynda geçirilen SPECA ykdysady forumy ulag, energetika, söwda, sanlylaşdyrma ýaly strategik ugurlarda dialogy ilerletmek, tagallalary birleşdirmek, strategiýalary işläp taýýarlamak we olaryň ýerine ýetirilmegi babatda iş meýilnamalaryny düzmek üçin giň mümkinçilikleri açdy. Onuň ahyrynda maksatnama gatnaşýan käbir ýurtlaryň, şeýle-de BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň hem-de Aziýa — Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň jogapkär wekilleri tarapyndan jemleýji beýanatlar beýan edilip, gelnen netijelerdir berilýän maslahatlar foruma gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirildi.
Magtymguly ANNAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.