Dark
Light
01.02.2026
caga surat THE ASHGABAT TIMES

Täze güýç, täze ynam bilen

28.01.2026

Täze ruh, täze güýç, täze ynam bilen 2026-njy ýyla gadam basdyk. Her ýylymyzyň döwrebap atlandyrylmagy, milli ösüşiň täze tapgyrynda esasy ugurlary şöhlelendirýän şygaryň yglan edilmegi asylly däbe öwrüldi. Şu ýylymyzyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy halkymyzyň köňül buýsanjyny goşalandyrdy.

2026-njy ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça ýylky, ýagny bedew ýyly. Biziň bedewlerimiz halkymyzyň milli buýsanjydyr, gymmatly baýlygydyr, beýik ösüşlerimiziň nyşanydyr. «At — myrat» diýlişi ýaly, täze ýyl bagtyýar halkymyzy maksat-myradyna ýetirer. Türkmen halky üçin 2026-njy ýyl aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ýylda eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny baýram eder. Türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhynda hem-de özbaşdak ösüş ýolunda bedew at milletimiziň ynamdar we ygtybarly ýoldaşy hökmünde aýratyn orun tutýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işler bedew batly ösüşlere beslenýär. Mekdebe çenli ýaşly çagalary terbiýelemek işinde hem döwrümiziň ösüşlerinden ugur alynýar. Çünki ýaş nesilleri milli ruhda döwrebap ösdürip ýetişdirmekde döwrüň täzelikleri öňde möhüm wezipeleri goýýar. Biz ― terbiýeçiler körpeleriň duýgularyny ösdürmek, daş-töwerek we tebigat bilen tanyşdyrmak, göwnaçma çäreleri we gezelençleri guramak we beýleki gün pusatlarynda asuda ýurdumyza buýsanç döredýäris.

2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi hem ýaş nesilleriň göwünlerini galkyndyrýar, olary täze üstünliklere, ýeňişlere ruhlandyrýar. Şanly ýylymyzda hem bagtyýar ýaşlar ata Watanymyzyň ösüş-özgerişlerine, abraý-mertebesine halal zähmetleri, döredijilik gözlegleri we belent hyjuwlary bilen mynasyp goşant goşarlar.

Laçyn ÖRÄÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň 4-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

img 0101 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistan Airlines halkara aragatnaşygy güçlendirýär

mbo 9076 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Çagalary bilime höweslendirmegiň usulyýetinde

Soňkylar Makalalar

Ýylyň şygary – nesilleriň köňül çyragy

30.01.2026
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyz bedew bady bilen uly üstünliklere beslenýär. Bu üstünlikleri ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik ulgamynda görmek bizi guwandyrýar.

Bilimli ýaşlar – Watanyň abraýy

29.01.2026
Bilim jemgyýetiň ruhy güýjüni kesgitleýän esasy sütünleriň biridir. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň ösüş strategiýasynda bilim ulgamyna aýratyn orun berilýär.

Ýylymyzyň şygary – bilim üstünliklerine badalga

29.01.2026
Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany»

Çagalary bilime höweslendirmegiň usulyýetinde

28.01.2026
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanylan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň pedagogik we usuly wezipelerini durmuşa

Bilim belentliginiň täze basgançaklaryna tarap

27.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda okatmagyň usullary barha döwrebaplaşdyrylýar. Bu ugurda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla
GitTop