«Tesla» kompaniýasy elektromobilleriň täze modellerini çykarmagy gysgaltmagy we esasy ünsüni adamşekilli (gumanoid) robotlary öndürmäge gönükdirmegi meýilleşdirýär. Bu barada «The Insider» neşiri habar berýär.
Bu kararyň kabul edilmegine kompaniýanyň taryhynda ilkinji gezek ýyllyk girdejiniň peselmegi sebäp boldy. Mundan başga-da, şu ýylyň ýanwar aýynda Hytaýyň «BYD» kompaniýasy «Tesla»-dan ozup, dünýäniň iň iri elektromobil öndürijisine öwrüldi.
Kompaniýanyň ýolbaşçysy Ilon Mask mundan ozal hem «Optimus» atly robotlaryň geljekde «Tesla»-nyň awtomobil biznesinden has gymmatly boljakdygyny belläp geçipdi.
«THE ASHGABAT TIMES».