Dark
Light
31.01.2026
turkiye talyp haky THE ASHGABAT TIMES

Türkiýede talyp haky maksatnamasy esasynda bilim almak üçin ýüztutmalar kabul edilýär

31.01.2026

Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň rezidensiýa binasynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen metbugat maslahatynda ilçi Ahmet Demirok resmi beýanat berdi.

2026-njy ýyl üçin Türkiýäniň talyp haky maksatnamasy esasynda bilim almak üçin ýüztutmalar 2026-njy ýylyň 10-njy ýanwarynda kabul edilip başlandy we 20-nji fewrala çenli dowam eder.

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi: «Doganlyk halklarymyzyň arasyndaky iň möhüm köprüleriň biri hasaplanylýan bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ileri tutulýan ugur bolmagynda galýar. Türkmenistanyň orta mekdeplerini tamamlan we ýokary bilimi Türkiýede almak isleýän türkmen ýaşlary ýurdumyzyň talyp haky maksatnamasyna ýüz tutup bilýärler» diýip belledi.

Ilçiniň maglumat berşi ýaly, daşary ýurtdaky türkleriň we kowumdaş halklaryň işleri baradaky müdirlik tarapyndan dolandyrylýan talyp haky maksatnamasynyň çäklerinde 1992-nji ýyldan bäri türkmen ýaşlarynyň 5 müňden gowragyna talyp haky berildi. 2025-2026-njy okuw ýylynda 40 müň töweregi türkmenistanly ýaşlar bilim edaralarymyzda okuwlaryny dowam etdirýär. Şunuň özi-de türk-türkmen doganlyk gatnaşyklarynyň ýene bir görkezijisidir.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

1769834449638 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

«Öýde ýeke» filminiň ýyldyzy aradan çykdy

bitarap baydaklar THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistan 2028-nji ýylda Halkara hukugyň ýylyny geçirmäge taýýarlyk görýär

Soňkylar Habar

GitTop