Dark
Light
10.01.2026
pakistan THE ASHGABAT TIMES

Türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň häzirki meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

09.01.2026

2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Farýal Legari bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar täze ýylda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin bilelikdäki çäreleri mundan beýläk-de durmuşa geçirmek babatda giň gerimli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-pakistan bilelikdäki hökümetara toparynyň nobatdaky altynjy mejlisiniň, iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň derejesinde syýasy geňeşmeleriniň we Türkmen-Pakistan işewürler forumynyň geçirilmegine aýratyn üns berildi.

Taraplar şu ýyl üçin meýilleşdirilýän ýokary derejeli döwlet saparlaryna taýýarlyk görmek meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, şu ýyl gol çekilmegi göz öňünde tutulýan ikitaraplaýyn resminamalaryň sanawyna seredilip geçildi.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

rumyn bas THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Magtymguly Pyragynyň rumyn diline terjime edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

xymavjach0lf9nbikdbwrmo0lrvtdg 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistan BMG bilen işjeň hyzmatdaşlyga ygrarly

Soňkylar Habar

Türkmenistan BMG bilen işjeň hyzmatdaşlyga ygrarly

09.01.2026
2026-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen
GitTop