30-njy ýanwar 2026‑da Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Begenç Durdyýew Koreýa Gümrük Gullugynyň komissary bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileriniň gatnaşmagynda geçirilen resmi işlik naharyna gatnaşdy.

Duşuşygyň esasy maksady Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda gümrük ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi boýunça pikir alyşmak we täze mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmak boldy.
Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy hyzmatdaşlyk görnüşiniň çäginde täze hyzmatdaşlyk mehanizmlerini döretmek, gümrük maglumatlarynyň özara alyşylmagyny güýçlendirmek, Koreýa Gümrük Gullugy tarapyndan guralýan halkara konferensiýalara we taslamalara gatnaşmak ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem hünär taýýarlygy, okuw maksatnamalary we tejribe alyşmak boýunça mümkinçilikler aýratyn üns merkezinde boldy.
Ilçi Begenç Durdyýew öz çykyşynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Koreýa Gümrük Gullugynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini belläp, türkmen hünärmenleriniň koreý tarapynyň guramagynda geçirilýän okuw we taýýarlyk maksatnamalaryna işjeň gatnaşýandygyny nygtady.
Duşuşyk taraplaryň gümrük ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmak üçin möhüm ädim hökmünde bahalandyrylýar.