Dark
Light
27.01.2026
energo 1 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Döwlet Energetika Instituty 5-nji Açyk Halkara Internet Olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar

27.01.2026

Türkmenistanyň Döwlet Energetika Instituty ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny “Nazary Mehanika” dersi boýunça geçiriljek 5-nji Açyk Halkara Internet Olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar.

Olimpiada 24–28 mart aralygynda geçirilip, şahsy we toparlaýyn bäsleşikler görnüşinde guralar. Gatnaşyjylar üçin hasaba alyş 15-nji marta çenli açyk bolar.

Olimpiadanyň şertleri

  • Olimpiada ähli gyzyklanýan talyplar üçin açyk bolup, olaryň okuw ugry ýa-da kurs derejesi tapawutly däl.
  • Her ýokary okuw mekdebi şahsy bäsleşige iň köp 10 talyp hödürläp biler.

Halkara derejede geçirilýär

Bäsleşigiň resmi iş dili türkmen, rus we iňlis dillerinde alnyp barlar. Bu bolsa olimpiadanyň halkara derejesini we giňişleýin elýeterliligini üpjün edýär.

Maksady

Olimpiada talyplaryň nazary mehanika boýunça bilimlerini, döredijilik ukyplaryny we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maksat edinýär. Şeýle hem bu çäre ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň halkara ylmy-okuwy hyzmatdaşlygyny berkitmekde möhüm ädim hökmünde görülýär.

Halkara Internet Olimpiadasy barada Habar beren:
Arslan JANMYRADOW
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

britain germany denmark and other european THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýewropa Energiýa Kartasyny Täzeden Çyzýar: 100 GW Deňiz Ýeli Kuwwaty boýunça taryhy ylalaşyk

Soňkylar Habar

GitTop