Şu ýylyň 10 — 15-nji ýanwarynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde geçirilen matematika, fizika we informatika dersleri boýunça XXII Halkara Žautykow olimpiadasyna türkmenistanly mekdep okuwçylary gatnaşyp, 16 medal gazandylar.
Matematika, fizika we informatika dersleri boýunça abraýly sebit bäsleşigine ýurdumyzyň zehinli ýaşlary bilen bir hatarda, Azerbaýjan, Belarus, Bolgariýa, Gruziýa, Ermenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Mongoliýa, Pakistan, Russiýa, Rumyniýa, Täjigistan, Indoneziýa, Hindistan we Özbegistan ýurtlaryndan jemi 610-dan gowrak mekdep okuwçysy gatnaşdy.
Şu gün ― 19-njy ýanwarda bolsa Aşgabat şäherindäki iňlis dilini çuňlaşdyryp öwredýän 135-nji orta mekdepde halkara olimpiadada ýokary netijeleri gazanan mekdep okuwçylaryny sylaglamak dabarasy boldy.
«THE ASHGABAT TIMES».