Häzirki zaman dünýäsinde howanyň üýtgemegi, gurakçylyk, suw joşmalary, tokaý ýangynlary ýaly howply howa hadysalary zerarly döreýän adatdan daşary ýagdaýlaryň ýygylygy we gerimi barha giňeýär. Şonuň bilen birlikde, tebigy betbagtçylyklar, ykdysady durnuksyzlyk, harby gapma-garşylyklar sebäpli adamlaryň ondan-oňa göçüp-gonmak ýagdaýy hem yzygiderli dowam edýär. Şeýle şertlerde ilatyň has ejiz gatlaklaryna kömek bermekde Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetlerine esasy orun degişlidir.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti türkmen halkyna mahsus bolan ynsanperwerligiň asylly ýörelgelerine eýerip, sahawatly we jogapkärli işleri alyp barýar. Bu jemgyýet adatdan daşary ýagdaýlaryň pidalaryna ynsanperwerlik kömegini bermek, ýardama mätäçlere kömek goluny uzatmak, saglygy goraýyş we durmuş üpjünçilik maksatnamalaryny durmuşa geçirmek ýaly birnäçe işleri amala aşyrýar.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti (TGÝMJ) hem 1926-njy ýylda esaslandyrylyp, 1992-nji ýyldan bäri Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Hereketleriniň Halkara Federasiýasynyň esas goýujy ýörelgelerine laýyklykda ýurdumyzyň çäginde öz işini alyp barýan özbaşdak jemgyýetçilik guramasy bolup durýar. Geçen döwürde döwlet edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri, halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalary bilen ýygjam hyzmatdaşlykda ösüş ugurlarynyň köpüsi boýunça anyk netijeler gazanyldy.
Biz adamlaryň dert-azap çekmeginiň öňüni almak we ony ýeňilleşdirmek, olaryň ömrüni we saglygyny goramak, ýaragly çaknyşyklar wagtynda, adatdan daşary ýagdaýlarda şahsyýetiň hormatlanylmagyny üpjün etmek, keselleriň öňüni almak işi bilen meşgullanmak, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, mümkin boldugyndan, ynsanperwerlik we adama rehimdarlyk etmek ýörelgelerini ýaýratmak ýaly ählumumy ynsanperwer ideallara ygrarlylyk esasynda iş alyp barýarys. 2012-nji ýylyň dekabrynda kabul edilen «Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti hakynda» Kanun bolsa guramanyň esasy iş ugurlarynydyr wezipelerini kesgitleýär.
Sapardurdy JUMADURDYÝEW,
Tùrkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölüminiň Garaşsyzlyk etrap wekili.