Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen ýylymyzyň ajaýyp şygary ähli ugurlaryň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Bilim-terbiýeçilik düzümlerinde hem şanly ýylyň şygaryndan ugur alyp, usulyýet-guramaçylyk ugurly çärelere işjeň girişildi.
Çagalary türkmeniň iň asylly ýörelgelerine mahsus häsiýetde terbiýelemekde, ilhalar, watançy, zähmetsöýer, bilimli edip ýetişdirmekde bakja-baglaryna uly orun degişlidir. Şonuň üçin hem mekdebe çenli çagalar edaralary pedagogikanyň usuly talaplaryna laýyklykda guramaçylykly iş alyp barmak bilen aň we beden taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmäge goşant goşýar. Şunda döwrüň täsiriniň uly orna eýe bolşy ýaly, ýylyň wakalarynyň, ýylyň her bir pursatynyň hem täsiri uludyr.
Biz hem bakja-bagymyzda ähli toparlarda bilim işgärleri we çagalar bolup, ýylyň täze üstünliklerine sary gadam basýarys. 2025-2026-njy okuw ýylynyň ikinji ýarymynyň ilkinji okuw sapagyndan başlap çagalara ýylymyzyň şygarynyň mazmuny düşündirilýär. Olara ýylyň nyşanyndaky bedew atyň şekiliniň, Türkmenistanyň kartasynyň we milli haly gölleriniň, zeýtun baldajylarynyň görnüşleriniň mysalynda çagalarda watançylyk duýgusy ösdürilýär.
Nesilleriň röwşen geljegi hakynda uly aladalary durmuşa geçirip, ýyllar saýyn iş tejribeleri artdyrmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Alym Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza ähli bilim-terbiýeçilik işgärleriniň, körpeleriň we ata-eneleriň köňül alkyşlary egsilmezdir.
Aýlar HOJAMÄMMEDOWA,
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 15-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.