«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyz bedew bady bilen uly üstünliklere beslenýär. Bu üstünlikleri ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik ulgamynda görmek bizi guwandyrýar. Ýylyň şygaryndan ruhlanyp, ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem öňde maksat edinilen okuw-terbiýeçilik işleri, göz öňünde tutulýan usulyýet ugurly çäreler giň gerim alýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwrüň talaplaryndan ugur alyp kabul edýän çözgütleri biziň — bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işgärleriniň öňünde anyk wezipeleri goýýar. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda okatmagyň täzeçe, kämil usullaryndan peýdalanylmagy çagalar bakja-baglaryna gatnaýan körpeleriň başlangyç bilim derejesine oňyn täsirini ýetirýär. Bilim we terbiýeçilik işlerinde çaganyň irki ösüşinden başlap, mekdebe taýýarlyk döwrüni hem häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk alyp barmak has netijelidir. Hususan-da, innowasiýalara we kämil tejribelere esaslanyp geçirilýän okuw sapaklary çagalaryň gyzyklanmasyny, işjeňligini artdyryp, olaryň tebigy zehininiň ýüze çykmagyna esas bolýar.
Mekdebe çenli ýaşly çagalar üçin bilim edaralarynyň işi ýaş nesliň köpçülige goşulyşmagyna, özbaşdaklygynyň ösmegine, tertip-düzgünlere uýgunlaşmagyna ýardam edýän howpsuz, mähirli gurşawy döretmeklige esaslanýar. Bu maksatlarda işleriň esasy ugurlary her bir çaga aýratyn çemeleşme, duýgy rahatlygyny goldamak, aragatnaşyk başarnyklaryny öwretmek, özüne ideg etmek we maşgala bilen ýakyn gatnaşyklar bolup durýar.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew-batly at-myradyň mekany» ýylymyzda hem döwrümiziň belent ruhundan we ýylymyzyň şygaryndan ugur alyp, çagalar bakja-bagymyzda okatmagyň kämil usullary arkaly bilim bermekde işjeňligimizi has-da artdyrarys. Bilim ulgamynyň işgärlerine yhlasly, döredijilikli işlemäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri rowaç bolsun!
Dursun AMANOWA,
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 15-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.