Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen belent maksatlara sary alyp barýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Dowam bolsun!» atly ajaýyp şygrynda belleýşi ýaly, «Durmuş bir kitap ýalydyr, // Her ýyl — täze sahypasy».
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýyllar biri-birinden zyýada gelýär. Şunda 2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly uly üstünlikler, şanly wakalar bilen iň täze taryhymyza ýazyldy. Gazanylýan beýik ösüşler nesilleriň jebisligini, agzybirligini, döwletimiziň berkararlygyny we il-günümiziň asuda, abadan ýaşaýşyny alamatlandyrýar.
2026-njy ýylymyzyň şygary ýaş nesilleriň göwünlerini galkyndyrýar, täze üstünliklere ruhlandyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň: «Häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesiller düzýär. Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýip bellemegi buýsançly kalbymyzy joşdurýar. Şonuň üçin-de bu şanly ýylymyzda bagtyýar ýaşlar ata Watanymyzyň ösüş-özgerişlerine, abraý-mertebesine kämil bilim-başarnyklary, halal zähmeti, döredijilik gözlegleri we belent maksatlary bilen mynasyp goşant goşarlar.
2025-nji ýylyň dowamynda türkmen ýaşlarynyň halkara derejede gazanan üstünlikleri hem örän buýsandyryjydyr. Döwletimiz tarapyndan berilýän yzygiderli goldawlar esasynda türkmenistanly mekdep okuwçylarydyr talyplar halkara we döwlet derejesindäki olimpiadalara işjeň gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanýarlar. Şeýlelikde, abraýly halkara ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan talyplardyr mekdep okuwçylary ýurdumyzyň intellektual kuwwatyny bütin dünýä äşgär etdiler. Ýylyň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň şol ýaşlara we olary taýýarlan halypa mugallymlara, tälimçilere sylag-serpaýlary gowşurmagy halkymyzy guwandyrdy.
Bedew bady bilen gelen 2026-njy ýyl ýaşlar üçin arzuwlaryň hasyl bolup, maksatlaryň myradyna ýetjek, ylym-bilim, sport, döredijilik dünýäsinde täze gözýetimleri açjak ýyl bolar. Ýaşlara uly ynam bildirip, giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlarymyzy aýdýarys.
Göwher MÖWLÝAMOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Döwletli etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.