Ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde bilim ulgamynda göreldeli zähmet çekip, işjeňlik görkezen öňdebaryjy pedagogik işgärleriň birnäçesi Hormat haty we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar. Olaryň arasynda Mary welaýatynyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň pedagogik işgärleriniň hem bolmagy biziň ählimizi buýsandyrýar. Munuň özi welaýatymyzyň mekdebe çenli bilim-terbiýe düzümlerinde mundan beýläk hem has netijeli işlemäge ruhlandyrýar. Şeýle serpaýlara eýe bolan bilim-terbiýeçilik işgärleriniň ýürek buýsançlaryny saýtyň okyjylary bilen paýlaşmagy makul bilip, olaryň çykyşlaryny ýazgy etdik.
Enebaý MERGENOWA,
Mary şäheriniň 31-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri:
― Ýurdumyzda öňdebaryjy bilim işgärleriniň sylaglanmagy bilim-terbiýeçilik işlerini has-da güýçlendirmäge itergi berýär. Biz hem öz işlerimizi has-da pugtalandyrmaga ruhlanýarys. Döwrüň mümkinçilikleri hem-de bildirilýän ynam öňde täze maksatlara has aýgytly gadamlar bilen ýetmäge iterýär. Şonuň üçin hem bakja-bagymyzda pedagogik geňeşleri, usuly sagatlary, usuly otagy enjamlaşdyrmak we bezeg çärelerini, baýramçylyklary, bäsleşikleri, göwnaçma çärelerini, göreldeli sapaklary we beýleki möwsümleýin okuw-terbiýeçilik işlerini göwnejaý ýerine ýetirmekde täze iş usullary özleşdirmäge, usuly taslamalaryň täze ugurlaryny öwrenmäge, iş resminamalaryny talabalaýyk ýöretmäge bolan çemeleşmelerimizi artdyrýarys. Şeýle-de bakja-bagymyzyň ähli işgärleri we körpeleri bilen bilelikde geçirilýän medeni-köpçülik çärelerinde öz guramaçylyk başarnyklarymyzy görkezmegi dowam ederis. Sebäbi sanlylaşdyrylan bilim mümkinçilikleri, innowasiýa ösüşleri, halkara usullaryň milli tejribe bilen utgaşdyrylmagy, jemgyýetçilik işjeňliginiň ýokarlanmagy günsaýyn täze wezipeleri açýar. Şoňa görä-de, bakja-bagymyzyň bilim işgärleri bolup, körpeleriň röwşen geljegi üçin döwrüň täzeliklerini yzygiderli öwrenýäris we öz tejribämize ornaşdyrýarys. Çünki ýaş nesil hakda alada döwletiň hemişe üns merkezinde saklanýar.
Bossan SEÝITGULYÝEWA,
Baýramaly etrabynyň 1-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri:
― Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamynda zähmet çekmek uly bagt, her bir pedagogik işgär üçin belent dereje. Çünki bu döwür bilimleriň galkynýan, ýaş nesilleriň barha kämilleşýän, zähmet şertleriniň yzygiderli döwrebaplaşýan, hünärleriň netijeli öwrenilýän zamanasy. Şeýle döwrüň üstünliklerinden ruhlanyp, biz hem mundan beýläk-de terbiýeçilerimiz, daşary ýurt dilleri mugallymlarymyz, aýdym-saz ýolbaşçylarymyz, terbiýeçileriň kömekçileri we beýleki işgärler, ata-eneler we körpeler bilen sazlaşykly işläp täze menzillere ynamly gadam basýarys. Bilim-terbiýeçilik işgärlerine bildirilýän uly ynamdan peýdalanyp döwrümiziň edep-terbiýeli, medeniýetli nesillerini kemala getirmäge, olary ýokary watançylyk ruhunda ýetişdirmäge gönükdirilen işlerimizi has-da kämilleşdirmäge çalşarys. Sebäbi bilimler dünýäsinde döwrebap zähmet çekmekde, il halkymyza wepaly ogul-gyzlary kemala getirmekde baý terbiýeçilik däplerimiz, täze özleşdirýän usullarymyz bar. Bu ugurda Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri bize ýol ýörelge we iň gymmatly gollanma bolup durýar.
Jemile BEGENJOWA,
Baýramaly şäheriniň 3-nji çagalar bakjasynyň müdiri:
― Ata-babalarymyzyň nesil terbiýelemek, Watany söýmek, zähmet çekmek ýaly iň asylly ýörelgelerinden ugur alyp, taryhy zamanamyzda bilim ulgamynda zähmet çekmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Häzirki wagtda bilim özgertmelerine işjeňlik mahsus bolup, şol sanda mekdebe çenli bilim edaralarynda hem okuw-terbiýeçilik işleri döwrebaplaşdyrylýar. Okatmagyň täze usullary, çagalary milli we häzirki zaman ruhunda terbiýelemek ussatlygy barha kämilleşdirilýär. Ýaş hünärmenleriň tejribeleri artdyrylýar, toplanan tejribeler öwrenilýär, netijeli işlere mynasyp baha berilýär. Munuň özi bizi mundan beýläk-de has işjeňleşmäge iterýär. Sebäbi öňümizde aýdyň maksatlar dur, ýagny geljegiň eýeleri bolan bagtyýar nesilleri irki ýaşdan terbiýelemek ýaly jogapkärli işler biziň çagalar bakjamyzda hem mynasyp durmuşa geçirilýär. Körpeleriň sagdyn ösüşi ugrunda edilýän aladalary has-da işjeňleşdirmek we sagdyn ösüşi gazanmak biziň ähli işgärlerimiziň esasy maksady bolmagynda galýar.
Suraý ÝALKABOWA,
Baýramaly etrabynyň 9-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi:
― «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzyň ilkinji günlerinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan birnäçe öňdebaryjy pedagogik işgärleriň hatarynda sylaglanmak meniň üçin hem täze üstünliklere badalga boldy. Biz muňa ähli bilim işgärlerimiziň zähmetine berlen baha hökmünde garaýarys. Çünki usuly işlerde bilim işgärleriniň sazlaşykly zähmetini utgaşdyrmak möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda yhlasly zähmet çekmek, okatmagyň usullaryny kämilleşdirip, körpe nesilleriň sazlaşykly ösüşini gazanmak, öňdebaryjy iş tejribeleri öwrenmek, halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň netijeliligini artdyrmak we beýleki usulyýet işleri babatda kämilleşmek biz üçin esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Şu nukdaýnazardan hem döwlet maksatnamalaryndan, şol sanda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan we beýleki resminamalardan ugur alyp, iş meýilnamasy esasynda okuw ýylynyň ikinji ýarymynda hem öňde duran wezipeleri usuly we pedagogik talaplara laýyklykda netijeli ýerine ýetirmekde tejribelerimizi artdyrarys. Täze okuw görkezme esbaplarynyň, döredijilik taslamalarynyň üstünde işlemek bilen mekdebe çenli bilim babatda usuly gorumyzyň üstüni ýetireris we şanly ýylymyzyň taryhy ösüşlerine yzygiderli goşant goşmaga çalşarys.
Zöhre MUHAMMETBERDIÝEWA,
Oguzhan etrabynyň 7-nji çagalar bakja-bagynyň şepagat uýasy:
― Mekdebe çenli çagalar edarasynda zähmet çekmek bilen ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň sagdynlygy, aň we beden ösüşi babatdaky möhüm ähmiýetli wezipeleri ýerine ýetirmäge gatnaşýandygyma diýseň begenýärin. Şadyýanja körpeler bilen gündelik görüşmek örän ýakymly. Olaryň saglygy, iriki ösüşi barada alada edip öňde duran wezipeleri ýerine ýetirmek üçin bolsa ähli şertler bar. Çagalaryň wagtynyň aglaba böleginiň geçýän ýeri bolan bakja-bagynda arassaçylygy, ekologiýa gurşawy, rahat mümkinçilikleri gazanmak, olaryň dogry iýmitlenmegini guramak, gigiýeniki endikleri kämilleşdirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, uky pursatlarynyň maksadalaýyklygyny gazanmak ugrundaky işlerde barha tejribämizi artdyrýarys. Gündelik irdenki kabul edilýän pursatlardan başlap, irki maşklarda, sapaklaryň dowamyndaky dynç alyş minutlarynda, naharlanmak pursatlarynda we gezelenç döwürlerinde güler ýüzli körpeleriň emosional we fiziki ösüşini görüp geljege bolan ynamyň artýar. Olaryň jan saglygy we ömrüniň goraglylygy ugrunda mundan beýläk hem bakja-bagynda üstünlikli işlemäge bolan höwesimiz has-da artýar.
***
Pedagogik işgärleriň ýürek buýsançlaryndan hem görnüşi ýaly, täze zähmet üstünliklerine höweslenip işlemek, öz saýlan hünäriňden lezzet alyp zähmet çekmek ýakymly duýgy. Şonuň üçin her bir bilim-terbiýeçilik işgäriniň ýüreginden Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna arzyly alkyşlar joşup çykýar. Biziň her birimiz bilim ulgamynda zähmet çekýändigimize buýsanyp, hünär babatda kämilleşmek, çagalary terbiýeläp ýetişdirmek we mekdebe taýýarlamak babatda aňrybaşy mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, asylly işlerde belent görelde görkezýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys.
Bahar AGALYÝEWA,
Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň baş hünärmeni.